Sepleriň elýeterliligi

Ysraýyl Iýerusalimde 50-den gowrak palestinalyny öýlerinden çykardy


Öýlerinden çykarylan palestin maşgalalar ýewreýleriň galp emläk şahadatnamalary ulananlygyny aýdýarlar.

Öýlerinden çykarylan palestin maşgalalar ýewreýleriň galp emläk şahadatnamalary ulananlygyny aýdýarlar.

Ysraýylyň polisiýasy Gündogar Iýerusalimde 50-den gowrak palestinalyny öýlerinden çykaryp, ýewreý ýaşaýjylaryna şol öýlerde ýaşamaga rugsat berdi. Bu hereket Ýakyn Gündogardaky gatnaşyklary dartgynlaşdyrdy we ABŞ, BMG we Britaniýa tarapyndan tankyt edildi.

Ysraýylyň halkara tankytlaryna duçar bolmagyna ýurduň jemgyýetçilik tertip-düzgüni berjaý etmek boýunça polisiýasynyň geçen ýekşenbe güni Iýerusalimiň gündogar böleginde iki sany palestin maşgalasyny öýünden çykaryp, bu jaýlara ýewreý ýaşaýjylaryny salmagy sebäp boldy.

BMG-nyň palestinaly bosgunlar boýunça wekili Kris Gannes palestin maşgalalarynyň şäheriň Şeýh Jahara böleginde 50 ýyldan gowrak wagt bäri ýaşap gelýänligini aýtdy.

Ysraýyl polisiýasynyň bu hereketi ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň hökümetiniň Ysraýylyň Palestina topragynda öz ýaşaýyş çäklerini giňeltmezligini talap etmegine garamazdan, amala aşyryldy.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň wekili Megan Metsonyň aýtmagyna görä, Gündogar Iýerusalimde bolan soňky wakalar ABŞ tarapyndan goldanylýan “Ýol kartasyna”, ýagny parahatçylygy dörediji plana ters gelýär.

Metson öz çap görnüşinde ýaýradylan beýannamasynda ysraýyllylar ýa palestinalylar tarapyndan edilen bir taraplaýyn hereketleriň gepleşikleriň netijelerine täsir ýetirmejegini we halkara jemgyýetçiligi tarapyndan kabul edilmejegini aýtdy.

BMG-nyň Ýakyn Gündogar boýunça parahatçylyk prosesiniň koordinatory Robert Serri palestinalylaryň öz öýlerinden çykarylmagyny “düýpden ýol berilmesiz” çäre diýip atlandyrdy. Ol şeýle hereketleriň gatnaşyklardaky dartgynlylygy güýçlendirip, parahatçylykly gepleşikleriň netijeli bolmagy üçin şert döretmek ugrunda edilýän halkara tagallalara zarba urýanlygyny belledi.

Dawaly Iýerusalim

Ysraýyl Gündogar Iýerusalimi 1967-nji ýylyň 6 günlük urşundan soň, öz territoriýasy diýip, jar edipdi. Palestina bolsa, Gündogar Iýerusalimiň öz paýtagty bolmagyny isleýär.

Palestin maşgalalaryny öýlerinden çykarmak çäresini ýerine ýetiren Ysraýyl polisiýasy geçen aýda Ysraýylyň Baş sudy tarapyndan çykarylan permana salgylanyp, şol jaýlaryň ýewreýlere degişlidigini, palestinalylaryň olarda bikanun ýaşanlygyny aýdýar.

Öýlerinden çykarylan maşgalalar ýewreýleriň galp emläk şahadatnamalary ulananlygyny aýdýarlar. Palestinalylar öz dokumentlerini şol döwürde regiona häkimlik eden Iordaniýa bilen BMG-nyň bosgunlar boýunça edarasy arasynda gelnen ylalaşyga laýyklykda 1956-njy ýylda alandyklaryny nygtaýarlar.

Öýünden çykarylyp kowulan palestinalylaryň biri Nasser al-Ghawi, şol wakany “terrorçylykly çäre” diýip atlandyrdy.

Käbir palestin liderleri Ysraýylyň palestin halkyny sürgün etmek bilen Gündogar Iýerusalimiň demografiýasyny üýtgetmek isleýänligini we bu ýerde ýewreýleriň kopçülige öwrülmegini özüne maksat edinýänligini aýdýarlar.

Iýerusalim regionynyň kanuny çykaryjy Palestin Şurasynyň agzasy Hatem Abdyl Kederiň aýtmagyna görä, Şeýh Jaharadaky wakalar gapma-garşylyklaryň diňe başlangyjy bolup durýar. “Sebäbi 28 sany jaýyň palestinalylaryň elinden alynmagyna görkezme bar. Olaryň diňe 3-si ýerine ýetirildi. Indi biziň öňümizde galan jaýlary elden bermezlik meselesi dur. Biz bu göreşde syýasy, sosial, we kanuny taýdan berk durarys” diýip, Hatem Abdyl Keder aýtdy.

Gündogar Iýerusalimiň statusy Palestin-Ysraýyl konfliktiniň iň agyr meseleleriniň biri bolup durýar.

Häzirki wagtda Günorta Iýerusalimde çak bilen 270 000 palestinaly ýaşaýar. Olar sany 760 000 adamdan ybarat şäher ilatynyň 35 prosentini emele getirýärler.
XS
SM
MD
LG