Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Päkistanyň baş diplomaty Aşgabada bardy


Düýn Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistanyň Daşary işler ministri Nawabzada Mälik Amad Hany kabul etdi.

Bu duşuşykda taraplar Türkmenistan bilen Pakistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyklary ösdürmekligiň dürli ugurlary barada özara pikir alyşdylar. Prezident Berdimuhamedow bilen jenap Mälik Amad Han bu gepleşikde Türkmenistandan çekilmegi göz öňünde tutulýan Transowgan gaz proýektiniň perspektiwalary hem-de onuň gelejekki ähmiýeti barada aýratyn gürrüň etdiler.

Mundan daşary taraplar Türkmenistan bilen Pakistanyň arasynda gumanitar, bilim we ylym, saglygy saklaýyş hem-de medeni pudaklardaky hyzmatdaşlyklary ösdürmekligiň perspektiwalary barada-da gürrüň etdiler – diýip, “Türkmenistan Altyn asyr” internet saýty habar berýär.

Maglumata görä, bu duşuşygyň yzy bilen hem düýn Aşgabatda türkmen-pakistan hökümetara komissiýasynyň ilkinji maslahaty öz işine başlapdyr. Maslahata gatnaşýan Pakistanyň ýokary derejeli delegasiýasyna ýurduň daşary işler ministri Nawabzada Mälik Amad Hanyň, Türkmenistanyn resmiler toparyna bolsa Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylyk edýändigi habar berilýär.
XS
SM
MD
LG