Sepleriň elýeterliligi

ÝB we ABŞ Ysraýylyň hereketini tankyt etdi


Düýn Ýewropa Bileleşigi we Amerikanyň Birleşen Ştatlary Ysraýylyň häkimiýetleriniň ýakynda Iýerusalim şäheriniň gündogaryndan palestin ýaşaýjylaryny zor bilen göçürmeklerini kabul ederliksiz we gynandyryjy waka hökmünde tankyt etdiler.

Şu geçen ýekşenbe güni Ysraýylyň polisiýasy Iýerusalimiň basylyp alnan gündogar raýonyndan 50 töweregi palestinlini zor bilen öz ýaşaýan öýlerinden çykaryp, olaryň ýerine ýewreý ýaşaýjylaryny göçürip getirdi.

Ýewropa Bileleşigine ýolbaşçylyk edýän Şwesiýa bu waka barada öz ýaýradan beýanatynda palestinli ýaşaýjylaryň zor bilen öz ýaşaýan ýerlerinden göçürilmeklerini kabul ederliksiz diýip hasaplaýandygyny mälim edipdir.
XS
SM
MD
LG