Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyz prezidentiniň inaugurasiýasy boldy


Kurmanbek Bakyýew prezidentlik kasamyny kabul edýär, 2-nji awgust, 2009 ý.

Kurmanbek Bakyýew prezidentlik kasamyny kabul edýär, 2-nji awgust, 2009 ý.

2009 njy ýylyň 2-nji awgust güni Bişkekdäki hökümet öýünde ikinji prezidentlik möhletine saýlanan prezident Kurmanbek Bakyýewiň inaugurasiýasy bolup geçdi.

Dabarada prezident Bakyýew ýurdy garyplykdan çykarmagy, korrupsiýany, ýagny parahorlugy köki-damary bilen ýok etmegi wada berdi. Gyrgyzystanly analitikler Kurmanbek Bakyýewiň ýerine ýetiren işleri barasynda dürli pikirde. Olaryň käbirleri prezident K.Bakyýewiň halka peýdasynyň degmändigini aýtsalar, beýlekileri Bakyýewiň Gyrgyzystanyň ykdysady ösüşine goşandynyň uly bolandygyny aýdýarlar.

Dabarada prezident K.Bakyýew sag elini Konstitusiýa goýup, gyrgyz halkynyň öňünde kasam etdi. Şondan soň döwlet prezidentine Gyrgyzystan Respublikasynyň prezidentiniň şahadatnamasy gowşuryldy. Gyrgyzystanyň konstitusion sudunyň başlygy Swetlana Sydykowa Bakyýewiň şol pursatdan prezidentlik wezipesine resmi suratda girişendigini yglan etdi. Bişkegiň «Alatoo» atly merkezi meýdanynda baýramçylyk toplary atyldy.

“Men prezidentlik wezipamiň ilkinji ýyllarynda köp kyn we agyr meselelere duş geldim. Açyk aýtsam, ýagdaý şeýle agyr bolany üçin käbir islenilmeýän kararlary kabul etmäge mejbur boldum. Emma şol kynçylyklara garamazdan, men ýurduň berkararlygyny we ilatyň dynçlygyny üpjün edip bildim” diýip K.Bakyýew inaugurasiýada aýtdy.

Gazagystanyň prezidenti hem gatnaşdy

Inaugurasiýa dabarasyna Gazagystanyň prezidenti Nursoltan Nazarbaýew hem gatnaşdy. Bu ýere hormatly myhman hökmünde çagyrylan Nursoltan Nazarbaýew öz çykyşynda şeýle diýdi: “Gapma-garşylygyň güýjäp, dünýä ykdysadyýetinde güýçli özgerişleriň bolýan bir wagtynda halkyň agzybirligi we jebisligi möhüm hasaplanylýar. Men ýene-de bir gezek size berk jan saglyk, işleriňizde üstünlik, şeýle-de garyndaş gyrgyz halkynyň gülläp ösmegini arzuw edýärin”.

Prezidentlige saýlawlar şu ýylyň 23-nji iýulynda geçirilipdi. Saýlawlaryň netijesinden närazy bolan gyrgyz oppozisiýasy 29-njy iýuldan «Adalatly saýlawlar üçin» şygarynyň astynda möhletsiz mitinglere çykjakdygyny yglan edipdi. Birnäçe gün yzygiderli dowam eden mitingler, oppozisiýanyň tarapdarlaryndan 100-den gowuragynyň tussag edilmegi bilen tamamlandy.

Gyrgyzystanly syýasaty öwrenijiler bolsa K.Bakyýewiň prezidentlik wezipesini ýerine ýetirişine dürli pikir bildirýarler. Bakyýewiň syýasatyny goldaýanlaryň biri, Gyrgyzystan kommunistleriniň lideri Ishak Masaliýew prezident Bakyýew barasyndaky pikirini şeýle beýan etdi.

“Bakyýew ýurtda 3 ýyl dowam eden topalaňlardan, dawa-jenjellerden üstünlikli alyp çykdy diýip, aýtmak mümkin. Bu uly ýeniş. 2005-2007 nji ýyllarda oppozisiýa ony wezipeden çetleşdirmäge synanyşdy. Emma bu iş başa barmady. Muny Bakyýewiň birinji ýeňşi diýmek mümkin. Ikinjiden, Gyrgyzystanyň ykdysadyýetinde hem uly özgerişler bolýar” diýip, Gyrgyzystan kompartiýasynyň başlygy, ýurduň parlamentiniň deputaty Ishak Masaliýew aýtdy.

"Häkimiýet üçin döwlet başyna gelen adam"

Emma Gyrgyzystanyň Howpsuzlyk geneşiniň öňki sekretary Miroslaw Nyýazow «Bakyýew döwlet başyna geleninden soň, öňki prezident Askar Akaýewiň mirasdüşeri bolup galdy” diýýär."Prezident bolansoň, ol özüni döwlet işgäri hökmünde görkezip bilmedi. Syýasatçy hökmünde-de tanadyp bilmedi. Ol halkyň bähbidini goramak üçin däl-de, diňe häkimiýet üçin döwlet başyna gelen adam hasaplanylýar."

K.Bakyýew bolsa, inaugurasiýada sözlän sözünde Gyrgyzystanyň raýatlarynyň hukuklaryna we erkinliklerine hormat goýulmagyny üpjün etjekdigini, prezidentlik wezipesini ar-namys bilen ýerine ýetirjekdigini kasam etdi.

Gyrgyzystanyň ombudsmany Tursunbek Ahun hem prezident Bakyýewiň adam hukuklaryny goramak barasynda beren wadalaryny bitirjekdigine umyt edýandigini aýdýar. "Kasam edensoň, ilkinji nobatda adam hukuklary we erkinlikleri meselesine üns bererin diýdi. Men onuň sözlerine ynanýaryn" diýip, Gyrgyzystanyň ombudsmany Tursunbek Ahun aýtdy.
XS
SM
MD
LG