Sepleriň elýeterliligi

Özbegistan Gyrgyzystanda rus harby bazasynyň açylmagyny islemeýär


Özbek häkimiýetleri Gyrgyzystanda Orsýetiň harby bazasynyň açylmagy bilen bagly plany tankyt edip çykyş etdiler.

Özbegistanyň Daşary işler ministrliginiň bu barada ýaýradan beýanatynda, bu hereketiň regionda “radikal ekstremizmiň” gaýtadan güýjemegine täsir edip, durnuksyzlygyň emele gelmegine getirip biljekdigi bellenilýär.

Geçen hepde, Gyrgyzystan bilen Orsýetiň arasynda Gyrgyzysytanda ýene bir harby bazanyň açylmagy babatda ylalaşyga gelnipdi. Özbegistanyň serhedine ýakynda ýerleşdirilmegi planlaşdyrylýan bu harby baza, Orsýetiň Gyrgyzystandaky 2-nji bazasy bolmaly.

Öň Gyrgyzystanda Orsýetiň bir howa harby bazasynyň bardygy habar berilýär. Şeýlede bu ýurtda ABŞ-nyň Owganystandaky hereketlerini goldamaga niýetlenen bir harby howa bazasy hereket edýär.
XS
SM
MD
LG