Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Talyp pitneçileri Kabuly raketa okyna tutdy


“Talyp pitneçileri Kabuly raketa okyna tutdy” diýip, Owganystanyň Içeri işler ministrligi maglumat ýaýratdy. Bu şu ýylyň dowamynda Kabula edilen iň uly hüjüm boldy diýlip maglumat berilýär.

Kabula 8 raketanyň atylandygy, netijede 1 çaganyň ýaralanandygy maglumatda aýdylýar.

Raketalaryň biri ABŞ-nyň Owganystandaky ilçihanasynyň golaýyna düşüpdir.

Talyplar Kabuldaky halkara aeroporty hem-de owgan harbylarynyň edara jaýyny nyşana alyp, özleriniň 12 raketany atandyklaryny mälim etdiler.
XS
SM
MD
LG