Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Human Rights Watch” guramasy, Özbegistana çagyryş etdi


Ynsan hukuklary boýunça “Human Rights Watch” guramasy, Özbegistanda türme tussaglygyna höküm edilen özbek žurnalistini azatlyga göýbermäge çagyryp ýörite beýanat ýaýratdy.

Bu beýanatda guramanyň Ýewropa hem-de Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça bölüminiň ýolbaşçysy Holli Kartner žurnaliste ýüklenen aýyplamalaryň adalatly däldigini aýdýar.

Dilmurod Saidow şu ýylyň fewral aýynda tussag edilip, geçen hepde 12 ýyllyk türme tussaglygyna höküm edildi. Ol Özbegistanyň Samarkant şäheriniň ýerli häkimliginiň käbir resmileriniň korrupsiýa dahyllydygynyň üstini açmaga synanyşandygy zerarly şeýle ýanamalara sezewar edildi diýlip maglumat berilýär.
XS
SM
MD
LG