Sepleriň elýeterliligi

ÝHHG Aşgabatda seminar gurnady


Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky merkezi.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky merkezi.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň we Türkmenistanyň prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary boýunça milli institutyň guramagynda Aşgabatda geçirilen iki günlük seminaryň gün tertibi halkara kanunlarynyň esasy prinsiplerini geňeşmek, hususan-da, tussag astyna almakdan daşgary jeza çärelerine garamak, jenaýatçylygyň öňüni almak boýunça çäreleriň ulanylmagynda kanunlaryň kepillendirilmegini gazanmak ýaly meselelere üns berildi we bu ugurdan daşary ýurtlardaky tejribelere garaldy.

Bu barada ýaýradan maglumatynda Türkmen Döwlet Habarlar gullugy seminarda şeýle-de Türkmenistan tarapyndan 1996-njy ýylda makullanan “Graždan we syýasy azatlyklar boýunça” halkara ylalaşyga we BMG-nyň türme tussaglygyna degişli bolmadyk Minimal standart düzgünlerine aýratyn syn berlenligini habar berdi.

Seminarlaryň maksady

ÝHHG-nyň Aşgabatdaky wekilhanasynyň resmi maglumatyna görä, öz nobatynda ÝHHG-nyň Türkmenistandaky merkeziniň goldamagynda, sudýalaryň, derňewçileriň we prokurorlaryň jemi 120-niň gatnaşmagynda geçirilen bu seminarlar Türkmenistanyň jenaýat, sud işleri boýunça ýakynda kabul eden kodeksi bilen baglanyşykly deslapky türme tussaglygynda saklamakdan başga elýeterli çäreleri maslahat etmeklige gönükdirildi.

ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkeziniň başlygy Arsim Zekolliniň sözlerine görä, deslapky tussaglyk we tussag astyna almak kanuny çärelerdir, emma olar jenaýatçylykda güman edilýän-de bolsa, entek günäsi subut edilmedik adamyň azatlygyny çäklendirýär. “Şonuň üçin şeýle hereketler iň soňky çäre hökmünde ulanylmaly” diýip, Arsim Zekolliniň aýdanlygy ÝHHG-nyň resmi internet sahypasynda habar berildi.

Türkmen Helsinki Fondunyň başlygy Täjigül Begmedowa Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça halkara derejesinde edilýän aladalaryň tiz bolmasa-da, belli bir netije berip başlanlygyny belledi. Onuň pikiriçe, şeýle tagallalaryň netijeli bolmagy üçin, çäreler yzygiderli häsiýetde alnyp barylmaly. “Türkmen häkimiýetleriniň dürli seminarlaryň geçirilmegine rugsat bermegi başlangyç iş bolup durýar. Biz muny makullaýarys. Bu ugurdan “Gyzyl haç we Gyzyl ýarymaý” guramasy üçin türkmen türmelerine barmak mümkinçiliginiň döredilmegi indiki ädim bolup bilerdi. Bize gowuşýan maglumatlara görä, häzirki wagtda ýerli ýolbaşçylar, Türkmenistana “Gyzyl haç we Gyzyl ýarymaý” guramasynyň goýberilmegine öňküsi ýaly düýpgöter garşy çykman, munuň üçin mümkinçilik döretmek meselesine garaýarlar” diýip, Täjigül Begmedowa aýtdy.

Türkmenistanda adam hukuklarynyň ýagdaýyna ýakynda HRW guramasy hem ünsi çekdi. Gurama 30-njy iýulda ýaýradan beýannamasynda Türkmenistanyň dünýäde adam hukuklaryny iň gödek bozýan ýurtlaryň biri bolup galýanlygyny belläp, soňky döwürde Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyny ösdürýän Ýewropa Bileleşigini Aşgabat bilen gepleşiklerde adam hukuklary temasyny gozgamaga we ony gaýragoýulmasyz mesele hökmünde öňe sürmäge çagyrdy.

ÝHHG-nyň resmi maglumatyna görä, ol Türkmenistanda kanunyň işlemegine gönükdirilen şeýle seminarlary 2006-njy ýyldan bäri geçirýär. Gurama adam hukuklarynyň standartlary boýunça türgenleşik kurslaryny giňeltmekçi we adalat sistemasyna degişli beýleki meselelere hem ünsi artdyrmakçy.

“Jemgyýetiň ähli gatlaklary gatnaşdyrylmaly”

“Türkmen Helsinki Fondunyň” başlygy Täjigül Begmedowanyň pikirine görä, soňky döwürde halkara guramalar tarapyndan Türkmenistanda geçirilýän çäreler, häzirki bolşy ýaly, diňe döwlet resmileri bilen çäklenmän, jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň gatnaşmagynda geçirilmeli: “Halkara seminarlaryň möçberini hem san hem-de mazmun taýdan artdyrmaly. Olar diňe bir paýtagt we döwlet işgärleri bilen çaklenmän, döwlet işgärleriniň ähli gatlaklarynyň giň derejede gatnaşdyrylmagynda, regionlarda-da geçirilmeli. Seminarlara adam hukuklaryny goraýjylaryň, graždan aktiwistleriniň we žurnalistleriň gatnaşdyrylmagy hem möhüm diýip, pikir edýäris. Şeýle ýagdaýda mesele has netijeli çözüler”.

Täjigül Begmedowanyň pikirine görä, Türkmenistanda adam hukuklaryna hormat goýulmagynda raýatlaryň özleriniň-de uly roly bar. “Her bir adam Konstitusiýada berkidilen hukuklaryny bilmeli we olaryň berjaý edilmegini talap etmeli” diýip, Begmedowa hasap edýär. Ol Türkmenbaşyda suw ýetmezçiligi bilen baglanyşykly, şeýle-de ýerlerde jaýlaryň ýykylmagyna degişli wakalarda raýatlaryň nägilelik bildirenligini aýdyp, şol wakalaryň raýatlaryň öz hukuklaryny goramak tagallalarynyň netije berjeginiň mysaly bolup durýanlygyny belledi. “Jemgyýet agzybir hereket etse, bu onuň sesiniň eşidilmegine mümkinçiligiň boljakdygyny görkezýär” diýip, “Türkmen Helsinki Fondunyň” başlygy T.Begmedowa aýtdy.
XS
SM
MD
LG