Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Talyban paýtagt Kabuly oka tutdy


Raketa oklarynyň bir owgan çagasyndan başga-da Kabulyň ýene bir ýaşaýjysyny ýaralandygyny aýdýarlar.

Raketa oklarynyň bir owgan çagasyndan başga-da Kabulyň ýene bir ýaşaýjysyny ýaralandygyny aýdýarlar.

Talyban jeňçileri Kabuly raketa okuna tutdular. Munuň soňky ýyllardaky iň uly hüjümdigini aýdýarlar.

Owganystanyň Içeri işler ministrligi owgan paýtagtynyň üstüne sekiz raketanyň atylandygyny we bu hüjüm netijesinde bir çaganyň ýaralanandygyny aýtdy. Ol raketalar şäheriň dürli ýerlerine gelip düşüpdir, bir raketa bolsa, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Kabuldaky ilçihanasynyň golaýyna gaçypdyr. Talyban goşunlary Kabula ýurduň halkara aeroportyny we owgan goşunynyň edara jaýlaryny nyşana alyp, 12 sany raketa atandygyny aýdýar.

Talyban owgan paýtagtyna 1996-njy ýyldan, ýagny Kabuly raketa hem tank okuna tutup, basyp alaly hem öz häkimiýetini berkarar edeli bäri, beýle uly hüjüm etmändi. Bu hüjüm düýn daň namazyna gabatlanyp amala aşyryldy. Raketa oklarynyň bir owgan çagasyndan başga-da Kabulyň ýene bir ýaşaýjysyny ýaralandygyny aýdýarlar.

Talybanyň sözçüsi Zabybullah Majahid özleriniň hakykatdan hem raketa hüjümini amala aşyrandyklaryny tassyklady. Ol bu hüjüm owgan hökümetiniň saýlawlardan öň Kabul töwereklerinde howpsuzlyga gözegçilik edip bilmeýändigini görkezmek üçin edildi diýdi. Şeýle-de ol raketalaryň Kabulyň halkara aeroportuna we owgan goşunlarynyň ştabyna gönükdirilendigini sözüniň üstüne goşdy.

Ýaşaýyş etraplaryna gönükdirilipdir

Emma Owganystanyň Içeri işler ministrliginiň metbugat wekili Zemraý Başary raketalaryň şäheriň ýaşaýyş etraplaryna gönükdirilendigini aýdýar. Onuň tassyklamagyna görä, raketalar şäheriň merkezinden gündogar bölegine çenli aralykda ýaşaýyş jaýlarynyň penjire aýnalaryny çat açdyrypdyr.

Owganystanda hususy esaslarda işleýän Tolo-TW öz gepleşiklerinde Kabulda aýnalary döwlen jaýlaryň we maşynlaryň wideo suratlaryny görkezdi. Kabullylaryň köpüsi bu hüjümleriň şäherlileriň saýlawyň öňüsyrasyndaky garaýyşlaryna uly bir täsir ýetirip bilmejekdigini aýdýarlar. Ýöne öz öýünde göni gelen okdan aman galan Feroz Han bu hüjümiň özüne 1990-njy ýyllaryň başyndaky hüjümleri ýatladandygyny aýtdy. Şonda bäsdeş toparlar Kabuly eýelemek üçin özara urşup, asuda ilatdan müňlerçe adamy öldüripdiler we şäheriň köp bölegini haraba öwrüpdiler.

“Eger bu ýagdaý şeýle dowam etse, saýlaw geçiriljek güni hiç kim ses bermäge gatnaşmaz. Beýle ýagdaýda näme üçin ses berjek? Bu gün raketa meniň öýüme gelip düşýär. Ertir ol başga biriniň öýüne baryp urar. Muny hiç kim bilmez. Onsoň biz näme üçin ses bermeli? Bu ýagdaý bizi ýene bir gezek öz ýurdumyzy terk etmeli eder” diýip, Feroz Han aýdýar.

Düýnki raketalar Kabulyň demirgazyk çetindäki Deh Säbs goňşuçylygyndan atyldy. Owgan polisiýasy ilkinji raketa partlan badyna okuň atylan ýerine haýdady. Olar bu ýerde gurlup goýlan dokuzynjy raketany tapdylar we ony zyýansyzlandyrdylar.
XS
SM
MD
LG