Sepleriň elýeterliligi

Eýranda üç amerikan raýaty tussag edildi


Düýn Eýranyň häkimiýetleri üç sany amerikan raýatynyň ýakynda Yrak bilen serhet ýakada tussag edilendigini tassykladylar.

Eýranyň döwlet habar serişdeleriniň maglumatynda bu üç amerikalynyň serhetlerden bikanun geçenlikde aýyplanylýandygy habar berilýär.

Eýranyň döwlet eýeçiligindäki “Habar” telewizion kanaly bu tussag edilenleriň turistdiklerini şübhe astyna alýar we Günbataryň mediýasynyň maglumatyna salgylanmak bilen, olardan iň bolmanda biriniň žurnalistdigini öňe sürýär.

XS
SM
MD
LG