Sepleriň elýeterliligi

Günorta Osetiýadaky rus harbylary söweşe taýýar edilýär


Düýn Orsýetiň Daşary işler ministrligi Gürjüstan bilen Günorta Osetiýanyň serhetlerinde dartgynlylygyň artandygy sebäpli, Günorta Osetiýadaky rus harbylaryna söweş taýýarlygynda bolmak barada görkezme berlendigini mälim etdi.

Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Andreý Nesterenko döwlet telewideniýesine beren interwýusynda bu berlen görkezmäniň Gürjüstan bilen Günorta Osetiýanyň serhetlerindäki dartgynlylygy gowşatmak maksadyndan ugur alýandygyny aýtdy.

Soňky günler Gürjüstan bilen Günorta Osetiýanyň resmileri serhetlerin üstaşyry garşylyklaýyn ok atylýanlygynda birek-biregi aýyplap çykyş etdiler.

XS
SM
MD
LG