Sepleriň elýeterliligi

Doňuz dümewine garşy derman synag edilýär


Derman öndüriji belli “Nowartis” kompaniýasy düýn doňuz dümewiniň H1N1 wirusyna garşy täze döredilen dermanyň adamlarda synag edilip başlanandygyny mälim etdi.

Dümewlere garşy waksinalary öndüriji beýleki bir uly kompaniýa bolan “Sanofi-Awentis” kompaniýasy hem ýakyn günlerde bu wirusa garşy özüniňem synag işlerine başlajakdygyny habar berdi.

Halkara saglygy saklaýyş guramalary geljek aýdan başlap dünýäniň dürli ýurtlarynda doňuz dümewine garşy giň gerimde waksina sançmak çäresine başlamaklygy göz öňünde tutýarlar.
XS
SM
MD
LG