Sepleriň elýeterliligi

Amerikan žurnalistleri azatlyga goýberildi


Düýn Birleşen Ştatlaryň ozalky prezidenti Bill Klintonyň Demirgazyk Koreýanyň resmileri bilen geçiren gepleşikleriniň netijesinde Demirgazyk Koreýada tussaglykda saklanýan iki sany amerikan žurnalistiniň azatlyga goýberlendigi barada maglumat alyndy.

Hususan-da, Bill Klintonyň metbugat sekretary düýn giçlik tussaglykdan azat edilen žurnalistler Euna Lii bilen Laura Linňiň Bill Klinton bilen bilelikde Los-Anželes şäherine uçandyklaryny habar berdi. Bu gürrüňi edilýän iki žurnalist şu ýylyň mart aýynda Demirgazyk Koreýanyň Hytaý bilen serhet zonasyna golaý ýerde tussag edilipdiler. Demirgazyk Koreýanyn sudy olara 12 ýyl turme tussaglygyny beripdi.

Bu žurnalistleriň boşadylmagy barada gepleşik geçirmek üçin Phenýana baran Birleşen Ştatlaryň ozalky prezidenti Bill Klinton düýn Demirgazyk Koreýanyň prezidenti Kim Joň Il bilen duşuşdy. Şol duşuşygyň yzy bilenem, tiz wagtdan bu amerikaly žuralistler azatlyga goýberildi.
XS
SM
MD
LG