Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Klinton Afrika ýurtlaryna 11 günlük saparyna başlady


ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klinton şu gün Afrika ýurtlaryna 11 günlik saparyna başlady. Hillari Klinton ilkinji baran ýurdy Kenýanyň paýtagt şäheri Naýrobide eden çykyşynda adalat sistemasynyň ösüşini gazanman we korrupsiýa garşy göreşmän ykdysady ösuşe etip bolmajakdygyny aýtdy.

Şeýlede Klinton Kenýada bu ugurlarda köp işiň alnyp barylmaýandygyny aýdyp, bu ýurdyň häkimiýetlerini tankytlady.

Bu saparynyň barşynda Hillari Klinton Günorta Afrika respublikasyna, Angola, Kongo, Nigeriýa, Liberiýa hem-de Kape Werdä barmagy planlaşdyrýar diýlip, maglumat berilýar.


XS
SM
MD
LG