Sepleriň elýeterliligi

Orsýet: Gürjüstan hüjüme taýýarlanýar


Orsýet Gürjüstanyň täze hüjüme taýýarlyk görüp, gaýtadan ýaraglanýandygyny mälim etdi. Bu barada Moskwada geçirilen metbugat konferensiýasynda Orsýetiň Baş ştabynyň ýolbaşçysynyň orynbasary Anatoliý Nagowisin habar berdi.

Düýn, 4-nji awgustda Orsýet Günorta Osetiýadaky goşunlaryny söweş taýýarlygyna getirendigini habar beripdi.

Muňa Gürjüstan bilen Günorta Osetiýanyň serhetlerinde dartgynlylygyň artmagynyň sebäp bolandygy, emele gelen dartgynlylygy gowşatmak maksady bilen şeýle görkezmäniň berlendigi maglumatda aýdylýar.

Anatoliý Nagowisiň, Moskwada geçirilen metbugat konferensiýasynda eden çykyşynda, Orsýetiň gürji-abhaz hem-de gürji-osetin konflikti zolagynda hiç bir hüjümi planlaşdyrmaýandygyny, emma Tbilisini “agressor” diýip hasaplaýandygyny mälim etdi.
XS
SM
MD
LG