Sepleriň elýeterliligi

Demirgazyk Koreýa ýeňillik teklip edilmedi


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamanyň administrasiýasy 2 žurnalist zenanyň azat edilmeginiň ýerine Demirgazyk Koreýanyň ýadro programmasy bilen bagly hiç bir ýeňillikleri teklip etmändigini mälim etdi.

Emma žurnalistleriň azat edilmegini gazanan Bill Klintonyň Demirgazyk Koreýanyň ýokary derejeli resmileri bilen geçiren gepleşiginde zenanlar tussaglykdan goýberileninden soň bolup biljek “pozitiw zatlar” barada gürrüň edilendigini prezident Obamanyň edarasynyň resmisi habar berdi.

Žurnalistler Euna Lii bilen Laura Lin şu ýylyň mart aýynda Demirgazyk Koreýanyň Hytaý bilen serhetdeş regionynda tussag edilipdiler. Demirgazyk Koreýanyn sudy olary 12 ýyl düzediş işlerine höküm edipdi. Olar häzir Klinton bilen ABŞ-a dolanyp bardylar.
XS
SM
MD
LG