Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ahmedinejat prezidentlik möhletine kasam etdi


Eýranyň prezidenti Mahmut Ahmedinejat şu gün prezidentlik wezipesiniň 2-nji möhletine kasam etdi. Kasam ediş dabarasynyň ýurduň parlamentinde geçirilendigi habar berilýär.

Resmileriň beren maglumatlaryna görä, 12-nji iýunda Eýranda geçirilen prezidentlik saýlawlarynda Mahmut Ahmedinejat ýeňiş gazandy. Emma saýlawlara gatnaşan beýleki kandidatlar Mir Hossein Musawi hem-de Mehdi Karrubi saýlawlarda galplyklara ýol berilendigini aýdýarlar.

Prezident Ahmedinejat kasam ediş dabarasynda eden çykyşynda, özüniň gaýtadan saýlanmagy bilen Eýranda täze möhüm özgerişler döwrüniň başlandygyny aýtdy.

Ak Tamyň metbugat sekretary Robert Gibs Ahmedinejadyň Eýran Yslam respublikasynyň saýlanan ýolbaşçysydygyny düýn aýtdy.

Öň habar berşimiz ýaly, käbir Günbatar ýurtlarynyň liderleri, saýlawlarda galplyga yol berilendigi baradaky aýyplamalar zerarly prezident Ahmedinejadyň gaýtadan saýlanandygyny resmi taýdan ykrar etmän gelýärler.
XS
SM
MD
LG