Sepleriň elýeterliligi

Eýranyň prezidenti Mahmut Ahmedinejad kasam kabul etdi


Adam hukuklaryny goraýan Amnesti Interneşnl guramasy Ahmedinejadyň inaugurasiýasyny berk beýanat bilen belledi.

Adam hukuklaryny goraýan Amnesti Interneşnl guramasy Ahmedinejadyň inaugurasiýasyny berk beýanat bilen belledi.

Eýranyň prezidenti Mahmut Ahmedinejad şu gün ikinji möhlet üçin döwlet baştutany hökmünde kasam kabul etdi. Emma oppozisiýanyň tarapdarlary 12-nji iýunda geçirilen saýlawlaryň galplaşdyrylandygyny aýdýarlar we protestlerini dowam etdirýärler.

Eýranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejad ýurduň parlamentiniň we daşary ýurtly diplomatlaryň öňünde prezidentlige kasam edip, şeýle diýdi: “Rehimdar Allanyň ady bilen, men prezident hökmünde mukaddes Kuranyň ýanynda, Eýran halkynyň öňünde resmi dini, Yslam döwletini we ýurduň Konstitusiýasyny goramaga Hudaýyň öňünde kasam edýärin.”

Ýöne bu dabara bir kölege salýan ýagdaý hem bar. Sebäbi oňa Tähranyň merkezindäki parlament binasynyň golaýyna ýygnanan oppozisiýa tarapdarlarynyň ýüzlerçesi protest bildirýär. Elbetde, polisiýanyň ýörite bölümi we Basij milisiýasynyň adamlary olary parlament binasyna goýbermändirler. Fransiýanyň AFP habarlar gullugy bir şaýada salgylanyp, häkimiýetleriň Admedinejada garşy şygaralary gygyrýan adamlary olaryň üstüne burçly suwuklyk pürküp, dargadandygyny ýazýar. Ýurda belli aram syýasatçylar, şol sanda öňki prezident Muhammet Hatamy we Akbar Haşamy Rafsanjany, esasy oppozisiýa lideri Mir Hosseýin Musawy we beýleki tanymal oppozisiýa wekilleri Ahmedinejadyň prezidentlige kasam kabul ediş dabarasyna gatnaşmadylar.

Ahmedinejad öz sözlän sözünde ikinji möhlete prezident saýlanandygy yglan edilensoň dörän we hepdeläp dowam eden köpçülikleýin protestler barada göni bir zat aýtmady. Ýöne ol häkimiýetleriň protestleriň öňüni almak üçin ulanan gödek çärelerini goldamadyk we bu barada öz pikirini aýtmaga çalşan daşary döwletleri welin, berk tankyt etdi.

“Siz käbir daşary döwletleriň saýlawy hem hökümeti ykrar edýändiklerini, ýöne gutlag ibermejeklerini aýdanlaryny eşitdiňiz. Bu nämäni aňladýar? Bu olaryň diňe öz maksatlaryna gulluk edýän demokratiýany gowy görýändiklerini aňladýar. Olar halklaryň saýlawyny we hukuklaryny sylamaýarlar. Olar özlerini demokratiýanyň standarty we görkezijisi saýýarlar. Biziň halkymyz bu hili durumy we pikirlenmäni goldamaýar we oňa garşy durýar. Siz Eýranda hiç kimiň sizden gutlaga garaşmaýandygyny bilmelisiňiz” diýip, Mahmut Ahmedinejad prezident hökmünde kasam edende aýtdy.

“Ahmedinejad saýlanan ýolbaşçy”

Waşingtonda žurnalistler Ak tamyň metbugat sekretary Robert Gibbsden “Ak tam Ahmedinejady Eýranyň kanuny prezidenti hökmünde ykrar edýärmi?” diýip soranlarynda, ol bu soraga şeýle jogap berdi: “Ol saýlanan ýolbaşçy.” Gibbs bu barada şundan başga zat aýtmady. Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama Eýran bilen onuň ýadro programmasy barada gepleşik açmak isleýänligi üçin bu ýurtdaky ýagdaý barada seresap bolmaga çalyşýar diýip, synçylar pikir edýärler.

Adam hukuklaryny goraýan Amnesti Interneşnl guramasy Ahmedinejadyň inaugurasiýasyny berk beýanat bilen belledi. Guramanyň beýanatynda aýdylmagyna görä, Eýran demonstrasiýaçylara ýowuz daraşmak bilen “repressiýanyň möwç alýan tüweleýiniň arasyna” düşdi. Amnesti Interneşnliň baş sekretary Irene Han Ahmedinejadyň inaugurasiýasy Eýranyň ýolbaşçylary üçin “soňky hepdelerde bolan gödek bidüzgünçiliklerden geçmek üçin bir pursat bolmalydyr” diýdi. Eýranyň Ýokary ruhany lideri Aly Hameneýi şu hepdäniň başynda Ahmedinejada “gaharly hem ýaraly oppozisiýanyň” onuň hökümetine kynçylyk döretmegi dowam etjegini duýdurypdy.

Ahmedinejadyň inaugurasiýasy Tähranda proteste gatnaşany üçin sud edilýän 100-den gowurak adamyň köpçülikleýin sud diňlenişiginiň dowamyndan bir gün öň geçirildi. Sud edilýänleriň arasynda görnükli reformaçy aktiwistler we syýasy figuralar hem bar. Olar saýlawdan soňky protestlerde we häkimiýetlere päsgelçilik döretmekde aýyplanýarlar.
XS
SM
MD
LG