Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyz hökümeti Özbegistanyň razyçylygyny ret etdi


Düýn Gyrgyzstanyň hökümeti Özbegistanyň serhetlerine golaý ýerde Orsýetiň täze harby bazasyny açmak planlaryna Daşkent tarapyndan bildirilen närazylygy ret edýändigini mälim etdi.

Gyrgyz resmileri Orsýetiň harby bazasynyň açylmagynyň Özbegistanyň howpsuzlygyna hiç hili howp abandyrmaýandygyny belläp, gaýta tersine, Özbegistan tarapyndan alada dörediji howplaryň bardygyny öňe sürdüler.

Mälim bolşy ýaly, şu awgustyň başynda Gyrgyzstanyň hökümeti ýurduň territoriýasynda Orsýetiň ikinji bir harby bazasynyň açylmagyna rugsat berdi. Bu täze harby bazany bolsa Özbegistanyň serhedine golaý ýerde açmaklyk planlaşdyrylýar.

Muňa jogap edip, hepdäniň duşenbe güni Özbegistanyň hökümeti Merkezi Aziýa regionynda rus harby güýçleriniň artdyrylmagynyň regiondaky durnuklylyga ýaramaz täsirini ýetirjekdigini aýdyp, ýörite beýanat ýaýratdy.
XS
SM
MD
LG