Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wladimir Putin Türkiýä bardy


Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin energiýa meseleleri bilen bagly bir günlik sapar bilen Türkiýä bardy.

Bu saparyň barşynda Wladimir Putin Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýip Ärdogan bilen energiýa meselesi bilen bagly bir näçe ylalaşyga gol çeker diýlip garaşylýar.

Şol ylalaşyklaryň çäginde Gara deňziň Türkiýäniň territorial suwlaryna degişli bolan böleginde Günorta Akym proýektine zerur bolan gazgeçirijisini çekmäge Türkiýa Orsýete rugsat berer diýlip garaşylýar.

Günorta Akym proýekti Orsýetiň gazyny Ukrainadan daşary Ýewropa akdyrmagyny öz içine alýar.
XS
SM
MD
LG