Sepleriň elýeterliligi

Orsýet Gürjüstany ýaraglandyrmagy bes etmäge çagyrdy


Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Andreý Nesterenko Günbatar ýurtlaryny Gürjüstany ýarag bilen üpçin etmegi bes etmäge çagyrdy.

Onuň aýtmagyna görä ýarag bilen üpjün edilen Gürjüstanyň öz kynçylyklaryny harby güýç bilen çözüp boljakdygyna bil baglamagy mümkin.

Ertir 7-nji awgustda rus-gürji konfliktiniň ýyl dönümi bellenilýär. Bu senäniň öňisyrasynda bu 2 ýurduň arasyndaky gatnaşyklar has hem dartgynlaşdy.
XS
SM
MD
LG