Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda bomba partlap 20 adam heläk boldy


Owganystanda ýol ugrunda goýlan bombanyň partlamagy netijesinde azyndan 20 adamyň heläk bolandygy habar berilýär.

Helmant welaýatynyň polisiýasynyň beren maglumatynda, bu hüjümden pida bolanlaryň arasynda aýallaryň hem çagalaryň bardygy aýdylýar.

Garmser regionynda ýüze çykan bu hüjümde ýene 5 adamyň ýaralanandygy aýdylýar.

Häzirki döwür Talyp jeňçileriniň merkezi bolan Helmant welaýatynda müňlerçe britan we amerikan esgerleri pitneçileri gysyp çykarmak maksady bilen harby hereketleri amala aşyrýarlar.
XS
SM
MD
LG