Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klinton Naýrobida


ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klinton Naýrobida 1998-nji ýylda ABŞ-nyň Keniýadaky hem Tanzaniýadaky ilçihanalaryna Al Kaýda topary tarapyndan hüjüm edileninde heläk bolan adamlary ýatlap, olary hormatlady. Şol hüjümlerde 200-e golaý adam heläk bolupdy.

Bu waka bilen baglanşykly geçirilen dabarada çykyş edip Hillari Klinton “1998-nji ýyldaky hüjümler terrorçylykdan abanýan höwpuň henize çenli bardygyny ýatladýar” diýip, terrorçylygyň adamyň jynsyna, milletine, dinine garamazdan hemmeler üçin howplydygyny nygtady.

Şeýlede, ABŞ-nyň Döwlet sekretary Hillari Klinton, Amerikanyň bu ýurda bolan goldawyny görkezmek maksady bilen Somaliniň prezidenti Şeýh Şarif Ahmet bilen duşuşýar diýlip maglumat berilýär.

Somaliniň prezidentiniň ýolbaşçylygyndaky hökümet, häzirki döwür ýaragly yslamçy toparlaryna garşy söweşip gelýär.

Afrikanyň 11 ýurduna sapar edýän Hillari Klinton şu gün Kenýanyň paýtagty Naýrobi şäherinde Somaliniň prezidenti bilen duşuşar diýlip garaşylýar. ABŞ pitneçilere garşy söweşmek maksady bilen, Somaliniň hökümetine harby kömegi teklip eder diýlip garaşylýar.
XS
SM
MD
LG