Sepleriň elýeterliligi

Politkowsaýanyň ölümi boýunça täze sud işi başlady


Politkowskaýany öldürenlikde aýyplanýanlar, 18-nji fewral, 2009 ý.

Politkowskaýany öldürenlikde aýyplanýanlar, 18-nji fewral, 2009 ý.

Kremli berk tankytlap, ony adam hukuklaryny gödek bozmakda we korrupsiýada aýyplan Anna Politkowskaýanyň 2006-njy ýylyň oktýabrynda Moskwadaky öýüniň girelgesinde atylyp öldürilmegine üç ýyl çemesi wagt boldy.

Politkowskaýany öldürenlikde Çeçen asylly doganlar Jebrail hem Ibragim Mahmudowlar aýyplandylar. Milisiýanyň öňki derňewçisi Sergeý Hajygurbanow bolsa, olara kömek edenlikde aýyplandy. Olar geçen fewralda aklananlarynda, tankytçylar bu jenaýat işi baradaky derňewiň we sudyň netijesizdigini aýtdylar.

Orsýetiň Ýokary sudy iýunyň ahyrlarynda bu jenaýat işi boýunça diňleýiş üçin täze sudýa we oturdaşlary belledi. Emma, Politikowskaýanyň maşgalasy hem ony goldaýanlar suduň täzeden geçirilmeginden köp zada garaşmaýarlar. Olar Politkowskaýany kimiň öldürendiginiň üstüni açmak üçin täze derňewe çagyrdylar.

Politkowskaýanyň maşgalasynyň aklawjysy Anna Stawitskaýa düynki diňleýişden owal, bu işi prokurora ýollamak barada özleriniň petisiýa taýýarlamakçydayklaryny aýtdy. “Sebäbi, biziň pikirimizçe, aýyplaw netijäniň taýýarlanyşy we soňky sud geçirilen derňewleriň peýdasyzdygyny görkezdi.”

Stawitskaýanyň aýtmagyna görä, derňewde köp ýalňýşlyk boldy we aýyplawyň netijesinde köp zatlar hasaba alynmady. Politkowskaýany goldaýanlar, şol sanda onuň ogly Ilýa, bu haýyşyň ýerine ýetiriljekdigine şübhelenýärler.

“Erk-ygtyýar ýok”

Kreml bu jenaýatyň üstüni açjakdygyny tekrarlap gelýär. Prezident Medwedew Politkowskaýanyň ahyrky işlän ýeri “Nowaýa gazeta” baryp, kanunçylyk sistemasynda reforma geçiriljekdigini aýtdy.

Emma belli adam hukuklaryny goraýjy Ludmila Alekseýewanyň pikiriçe, Orsýet häkimiýetleri oppozisiýa wekilleriniň öldürilmegi bilen bagly problemany çözmäge erk-ygtyýarynyň ýokdugyny görkezdi. “90-njy ýyllarda Orsýetde syýasy äheňli adam öldürmeler başlaly bäri ýekeje gezegem şeýle jenaýaty kimiň buýrandygynyň üsti açylmady we kimdir biri suda çekilmedi. Hatda haýsydyr bir tabşyryga görä, bu işi etmäge derňewçilere rugsat berilmeýän bolmagy-da ahmal.”

Alekseýewanyň bellemegine görä, eger adalaty gözleýän gowy bir derňewçi bolaýsa-da, oňa göwnejaý derňew geçirmäge mümkinçilik bermeýärler. "Eger-de ol aýak direse, ony çetleşdirip, işi başga birine berýärler. Ol bolsa, bu işi ýapýar ýa-da tabşyrylyşy ýaly edýär."

Düýbi New Ýorkdaky žurnalistleriň hak-hukuklaryny goraýan komitetiň maglumatyna görä, 2000-nji ýyldan bäri Orsýetde azyndan 18 žurnalist öldürildi. Şunlukda, Orsýet dünýäde žurnalistleriň iň köp öldürilýän üçünji ýurdy boldy.

Bu wakalaryň soňky pidasy adam hukuklaryny goraýjy we žurnalist Natalýa Eşmetowa boldy. Ol Çeçenistanda öz öýüniň golaýynda ogurlanyp, soňra atylyp öldürildi.

Eşmetowa Anna Politkowskaýa bilen ýakyn hyzmatdaşlyk edip, Orsýetlileriň we Kremliň tarapdary bolan güýçleriň Çeçen urşundaky eden-etdilikleri barada yzygiderli derňew geçirýärdi.
XS
SM
MD
LG