Sepleriň elýeterliligi

Putin Türkiýeden goldaw gözleýär


Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýip Ärdogan (sagda) we Orsýetli kärdeşi Wladimir Putin Ankaradaky gol çekişlikden soň geçirilen metbugat konferensiýasynda, 6-njy awgust, 2009 ý.

Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýip Ärdogan (sagda) we Orsýetli kärdeşi Wladimir Putin Ankaradaky gol çekişlikden soň geçirilen metbugat konferensiýasynda, 6-njy awgust, 2009 ý.

Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin Moskwanyň “Günorta akym” gaz geçirijisi proýektine Ankaranyň goldawyny almak üçin Türkiýä bardy.

Kreml “Günorta akym” geçirijisi arkaly Gara deňiz boýunça Türkiýäniň territorial suwlaryndan Ukrinadan sowa Merkezi Ýewropa gaz eltmek isleýär.

Bu geçiriji Ýewropa Bileleşiginiň Türkiýäniň topragyndan geçjek we eýýäm Ankara tarapyndan tassyklanan Nabukko proýektine bäsdeş hasaplanýar.

Orsýetiň premýer-ministri Wladimir Putin şu gün Ankarada Türkiýäniň premýer-ministri Rejep Taýyp ärdogan bilen duşuşdy. Iki lider Moskwanyň “Günorta akym” gaz turbasyny Türkiýäniň territorial suwlaryndan geçirmek baradaky haýyşyny ara alyp maslahatlaşdy.

Türkiýäniň razylygy Orsýete Gara deňzinden Ukrainanyň territorial suwlaryndan sowa alternatiw geçiriji gurmaga ýol açar. Eger bu geçiriji gurulsa, Moskwa öz gazyny Ýewropa Ukrainanyň gury ýer ýollaryndan sowa eltmek mümkinçiligine eýe bolar.

Moskwa bilen Kiýewiň arasy Ukrainanyň üstünden geçýän gaz geçirijisi bilen bagly problemalar sebäpli dartgynlaşdy we bu ýagdaý käte Ýewropa barýan gazyň kesilmegine hem alyp geldi.

Özara bähbitler

Ýöne Türkiýe bu meselede Moskwa etjek kömeginiň ýerine näme alar? Taýlan Bilgiç Ystambylda çykýan “Hürriýet” gazetinde işleýär. Onuň aýtmagyna görä, bu ýurt energiýa mätäç we onuň özüniň ýangyç zerurlyklary hem gaty çalt ösýär.

Bilgiç Türkiýäniň indi suw elektrik stansiýalaryny gurýandygyny, belki-de bu ýurduň öz ilkinji atom elektrik stansiýasyny gurjagyny, onsoň Orsýetiň Türkiýä gaz bermekden başga şunuň ýaly meselelerde hem kömekçi bolup biljegini öňe sürýär.

Orsýet Gara deňziň astyndan geçýän “Mawy akym” geçirijisi arkaly Türkiýä eýýäm gaz berip ýör. Mundanam başga, Ankara planlaşdyrylan türk geçirijisinden akmaly ýangyç meselesinde Orsýetiň nebitinden hem tamakin. Bu geçiriji Gara deňziň port şäheri bolan Samsundan Orta ýer deňzindäki Jeýhana barmaly.

Uşakow çarşenbe gün ”Roýtere” beren gürrüňinde Putiniň saparynyň öňüsyrasynda “Günorta akym” barada ylalaşylandygyny, şu sebäpden özleriniň Samsun-Jeýhan geçirijisi barada käbir eglişiklere boýun bolandyklaryny aýtdy.

Brýusseliň işi kynlaşýar

Türk-rus şertnamasynyň baglaşylmagy Brýusseliň kejebesini darykdyrjaga çalym edýär. Sebäbi Brýussel hem Türkiýäniň üstünden gaz geçirijisini gurup, Hazar sebitiniň we beýleki gündogar çeşmeleriniň gazyny Ýewropa Bileleşigine getirmekçi bolýar.

Iýul aýynda Türkiýe Ýewropa Bileleşiginiň dört sany agza ýurdy bilen tranzit şertnamasyna gol çekdi. Bu şertnama, eger energiýa üpjünçiligi hem maliýeleşdirme meseleleri çözülse, Nabukko proýektiniň gurluşygyna başlamaga şert döredýär. Brýussel bu geçirijini 2014-nji ýylda gurup gutarmak isleýär we ol Ýewropa Bileleşiginiň rus gazyna garaşlylygyny azaltmaly.

Brýussel şu gün Ankarada “Günorta akym” barada gelinen ylalaşygy halamasa-da, Türkiýe bu ýerde islendik dartgynlygy aradan aýyrmaga taýýar görünýär. “Bu ýurt Nabukko proýektine gatnaşýar, bu proýekt aslynda Günbatar Ýewropany Moskwanyň gaz agalygyndan halas etmeli” diýip, Taýlan Bilgiç aýdyar.

Taýlan Bilgijiň pikirine görä, Ankara deňagramlaşdyryjy hereket edip, Moskwa bilen gowy gatnaşyklary saklamagyň-da hötdesinden gelip biler. “Bu bir inçe oýun we Türkiýe energiýa meselelerinde Orsýete kembaha garap bilmeýär.”
XS
SM
MD
LG