Sepleriň elýeterliligi

Tähranda ýüzlerçe adam ýöriş geçirdi


Öten agşam käbir habar agentlikleri Eýranyn paýtagty Tähranda ýene-de nobatdaky gezek Mahmud Ahmedinejatyň prezident saýlanmagyna protest bildirip, ýüzlerçe adamyň ýöriş geçirendigini habar berdiler.

Maglumata görä, protestçileriň ýüzlerçesi öten agşam Tähranyň merkezindäki «Wanak» meýdançasyna ýygnanyp, dürli hili şygarlary gygyryşypdyrlar.

Protestçilerden käbirleri prezident Ahmedinejatyň wezipesinden çekilmegini talap ediji şygarlary gygyran bolsa, käbirleri «Diktatora ölüm» diýen ýaly şygarlary gygyrypdyrlar.

Şaýatlaryň habar bermeklerine görä, tiz wagtdan demonstrasiýanyň geçýän ýerine baran polisiýa güýçleri protestçileri dargydypdyrlar.
XS
SM
MD
LG