Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yragyň Kirkuk şäherinde bäş adam öldi


Düýn Yragyň demirgazygyndaky Kirkuk şäheriniň köp adamly bir bazarynda maşyna ýerleşdirilen bombanyň partlamagy netijesinde azyndan bäş adam ölüp, ençeme adam ýaralandy.

Birleşen Ştatlaryň resmileri soňky wagtlar bu regiondaky nebit ýataklary we territoriýalar barada ýerli kürtler bilen araplaryň arasynda kem-kem güýçlenýän dawalaryň çynlakaý konfliktleriň döremegine getirmeginiň mümkindigi barada duýduryş berip gelýärler.

Yrakdaky amerikan goşunlarynyň 2011-nji ýylyň ahyryna çenli Yrakdan doly çykmak planlarynyň çäklerinde ýurduň ilatly punktlaryny terk edip başlamaklary bilen, Yrakdaky howpsuzlyk meselesi bilen baglanyşykly ýagdajlar kem-kem çynlakaý meselä öwrülýär.
XS
SM
MD
LG