Sepleriň elýeterliligi

Ammanda üç sany bazar weýran boldy


Düýn Iordanyň paýtagty Ammanda ýüz beren güýçli ýangyn bir wagtyň özünde üç sany bazarda uly weýrançylyk döretdi. Ýurduň resmileri bu ýangynda jemi 39 dükanyň ýanandygyny habar berdiler.

Maglumata görä, dokuz sagat göreşden soň ýangyn söndürijileriň ýüzlerçesine bu ýangyny öçürmek başardypdyr. Wakada adam ýitgisiniň bolmandygy aýdylýar. Iordanyň häkimiýetleri bu ýüze çykan güýçli ýangynyň sebäplerini öwrenmek boýunça derňew işleriniň ýola goýlandygyny mälim etdiler.
XS
SM
MD
LG