Sepleriň elýeterliligi

ABŞ-niň Döwlet sekretary Hillari Klinton Somaliýa bardy


Düýn Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillari Klinton Somaliýa edýän saparynyň barşynda eden çykyşynda bu ýurtdaky yslamçy ekstremistlere garşy göreşde Birleşen Ştatlaryň Somaliýanyň wagtlaýyn hökümetine berýän goldawyny artdyrjakdygyny mälim etdi.

Şeýle hem hanym Klinton Eritreýanyň häkimiýetleriniň Somaliýadaky ekstremistlere ýardam bermeklerini dowam etdiren halatynda, munuň Eritreýanyň häkimiýetleri üçin ýaramaz netijeleri berjekdigi bilen hem duýduryş berdi.
XS
SM
MD
LG