Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Talybanyň ýolbaşçysy Mehsudyň ölen bolmagy mümkin


Talybanyň ýolbaşçysy Beýtulla Mehsud iki gün mundan öň raketa hüjüminde ölen bolmagy mümkin diýip, Päkistanyň Içeri işler ministri aýdýar.

Rehman Malikiň aýtmagyna görä, häkimiýetleriň elinde Mehsuduň aýaly we janpenalary bilen birlikde öldürilendigi barada maglumatlar bar ýöne bu heniz tassyklanmady.

Mehsudyň söweşijileri Päkistanda we goňşy Owganystanda birnäçe howply bomba hüjümlerini amala aşyrypdylar.
XS
SM
MD
LG