Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa we Türkiýe gaz geçiriji ylalaşygyna gol çekişdi


Russiýa we Türkiýe gaz geçiriji ylalaşygyna gol çekişdi. Penşenbe güni bolup geçen gol çekişlik dabarasynda, Russiýa Federasiýasynyň premýer-ministri Wladimir Putin we türkiýeli kärdeşi Rejep Taýip Ärdogan, Günorta Akym proýekti Ýewropanyň energiýa howpsuzlygyna goşant goşar diýip bellediler.

Şol ylalaşyk Gara deňziň Türkiýä degişli suwlarynda gaz geçirijiniň gurluşygynyň alnyp barylmagyna şert döredýär.

Günorta Akym proýekti Russiýadan Bolgariýa, şol ýerden bolsa, Ýewropa Bileleşigindäki sarp edijilere ýetiriler.

Russiýanyň premýer-ministriniň orunbasary Igor Seçin turbalaryň gurluşygy 2010-njy ýylda başlap biler diýip belledi.
XS
SM
MD
LG