Sepleriň elýeterliligi

Gürjüstan-Orsýet çaknyşygyna bir ýyl doldy


Rus-gürji çaknyşygynda heläk bolanlaryň garyndaşlary Tbilisidäki öwülýäde, 7-nji awgust, 2009 ý.

Rus-gürji çaknyşygynda heläk bolanlaryň garyndaşlary Tbilisidäki öwülýäde, 7-nji awgust, 2009 ý.

Gürjüstan bilen Orsýet arasynda ýüze çykan gysga wagtlyk uruşdan bir ýyl geçdi. 8-nji awgustda Orsýet bilen Gürjüstanyň ýaragly güýçleriniň arasynda separatistik Günorta Osetiýanyň üstünde bolan şol bäş günlük regional harby konfliktiň pidalary ýatlanylýar.

Gürjüstanyň paýtagty Tbiliside studentler milli baýdaklary göterip, oduň daşynda aýdym aýdýarlar.

Bu, student gyz Mariamyň “Moskwanyň agressiýasy” diýip atlandyran wakalarynyň, ýyl dönümi bilen bagly geçirilýän çäreleriň biri. “Şu gün ot ýakmak bilen biz Gürjüstanyň Orsýetiň agressiýasyndan arassalanýanlygyny görkezmek isleýäris. Bu ot erkinligiň we biziň bütewiligimiziň alamaty. Şeýle otlar tutuş Gürjüstana şöhle salar” diýip, Mariam aýtdy.

Bir ýyl mundan ozal…

2008-nji ýylyň 8-nji awgustynda, Orsýete daýanýan separatistik güýçler bilen bolan çaknyşyklardan soň, Gürjüstan Günorta Osetiýany oka tutup başlapdy.

Bu konflikt öňki sowet respublikasynyň öz uly goňşusy Orsýet bilen arasyndaky dartgynlylygyň güýçli nokada ýeten pursaty bolupdy. Emma bir ýyl mundan ozalky şol wakalar barada taraplaryň beýanaty biri-biriniňkiden tapawutly.

Gürjüstan, öz goşunlaryna herekete geçmek tabşyrygyny berende, Orsýetiň harby güýçleriniň eýýäm dag tunnelinden geçip, Günorta Osetiýanyň çäklerine aralaşandygyny aýdýar. Tbilisi şol urşuň sebäbini, Gürjüstanyň Günbatara ýüz öwrüp, NATO agza bolmak synanyşygynyň Orsýetiň göwnünden turmanlygy üçin Moskwanyň bu ýurdy jezalandyrmak islegi bilen baglanyşdyrýar.

Orsýet birnäçe sebäpleri öňe sürýär

Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň wekili Andreý Nesterenkonyň sözlerine görä, olaryň biri “Gürjüstanyň wagşyçylykly agressiýasyna” garşy durmakdan ybarat.

“Şol gije jenap Saakaşwiliniň režimi Günorta Osetiýanyň ilatyna we çylşyrymly Kawkaz regionynda ýaşaýan halklaryň parahatçylygyny we howpsuzlygyny köp ýyllaryň dowamynda gorap gelen Orsýetiň parahatçylygy goraýjy güýçlerine nadan we adamkärçiliksiz hüjüm etdi” diýip, Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň wekili Andreý Nesterenko aýtdy.

Nastronuň aýtmagyna görä, Gürjüstanyň agressiýasynyň dowamynda rehimsiz ýarag görnüşleri, şol sanda kassetaly bombalar, iri ok atyjy ýaraglar we agramy 500 kilogramlyk bombalar giňden ulanyldy.

Çaknyşyk diňe bäş gün dowam etdi, Orsýetiň harby güýçleri Gürjüstanyň goşunyny Günorta Osetiýadan kowup çykarany bilen oňman, hüjümi dowam etdirip, soňra Gürjüstanyň territoriýasyna çuňlaşdylar we Tbilisiniň 40 kilometr golaýyna baryp, ony howadan bombaladylar.

Orsýetiň harby güýçleri Gürjüstanyň beýleki separatistik regiony bolan Abhaziýa hem giripdiler.

Ýewropa Bileleşiginiň araçylygynda soňra 12-nji awgustdaky barlyşyga gelinýänçä, bu uruşda parahat ilatdan 400 adam heläk boldy we çen bilen 200 müň adam öz öýlerinden göçmeli boldular.

Orsýet öz goşunlaryny uruşdan öňki çäklerine çenli yza çekmäge razylyk bildirdi. Emma şol bir wagtyň özünde Gürjüstanyň iki separatistik regionyndaky harby täsirini güýçlendirdi we bu regionlary garaşsyz döwletler hökmünde ykrar etdi.
XS
SM
MD
LG