Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ahmedinejad “real güýji” ele alyp bilermi?


Ahmedinejadyň haýsy ýoly goldaýandygyny hiç kim bilmeýär.
Ahmedinejadyň haýsy ýoly goldaýandygyny hiç kim bilmeýär.

Mahmud Ahmedinejad bu gün Ýokary lider Ali Hameneýi bilen öz arasynda öň görülmedik dartgynlygyň dowam edýän wagtynda öz ikinji prezidentlik möhletine başlaýar.

Ahmedinejad öz ilkinji dört ýyllyk prezidentlik möhletinde Ýokary lideriň goldawyna berk baglydy. Emma häzirki wagtda Ahmedinejad özüniň çuňňur dini we syýasy garaýyşlaryna bagly bolan garaşsyz we töwekgel pozisiýany eýeleýändiginiň alamatlaryny görkezýär. Ahmedinejad ýurdy öz diýen ýolundan äkidip bilermi?

Ýaňy-ýakyna çenli Günbatar Ahmedinejada Hameneýiň goldaýan adamsy hökmünde garapdy. Prezidentiň birinji möhleti reformaçylaryň lideri we öňki prezident Muhammet Hatama Ýokary lideriň goldamagynda örän berk gaýtawul bermekden ybarat boldy. Ahmedinejad öz işini başarnykly ýerine ýetirdi.

Emma ol ikinji möhletini Hameneýiň goldamagyndaky konserwatorlaryň prezidentiň esasy kömekçisini işden boşatmak baradaky talaplarynyň netijesinde dörän agzalalykdan başlady. Ahmedinejad öz giýewsini eýeleýän wezipesinden boşatdy, emma ony başga wezipä belläp, Hameneýä onuň haýyşyny ýerine ýetirendigini sowuklyk bilen mälim etdi.

Şeýle düşünişmezligiň inaugurasiýanyň öň ýanynda bolup geçmegi Ahmedinejadyň ümzüginiň nirädigi barasynda pikirilenmek üçin sebäp bolup durýar.

Mehdiden medet...

Eýranda dini simwolika uly ähmiýet berilýär. Şu hepde, Ahmedinejadyň inaugurasiýasynyň öň ýany, hökümet öň görülmedik bir çäräni maliýeleşdirdi. Gurluşyk işgärleri Kumda ýerleşýän Mehdi metjidiniň ýüzüne gül suwuny sepdiler. Mehdi Muhammet pygamberiň 12-nji nebersi bolup, ol Eýrandaky şaýylaryň ruhany lideri hasaplanylýar.

Şuňa meňzeş çäreleriň ýene birňäcesi bolup geçdi. Häkimiýetler Kumdan Eýran-Yrak serhedine barýan ýoluň gurluşygyna köp pul goýberdiler. Şu ýol, şaýylaryň ynanjyna görä, Mehdiniň ýiten we ýene-de peýda boljak Yragyň Samarra şäherine eltýär.

Şeýle hem Ahmedinejad öz hökümet ýygnaklarynda Mehdi üçin niýetlenen boş ýer goýýar. Ol 2005-nji ýlyň iýun aýynda BMG-da geplän mahalynda, şaýatlaryň aýytmagyna göra, öz daşynyň bir yşyk bilen gurşalandygyny we çykyşy gutarýança, şol yşygyň öz daşynda durandygyny aýtdylar diýdi.

Ahmedinejad arasynda Kum şäherine gidip, Mehdiden özüne medet hem soraýar.

Bu zatlaryň hemmesine diňe bir dini çäre hökmünde garap bolsa-da, Yslam respublikasynda Mehdiniň ýoklugynda ýurda gözegçilik etjek Ýokary lideriň barlygy durmuşy hakykatdyr.

Agzalyp geçilen wakalar, simwoliki häsiýetde-de bolsa, Ahmedinejadyň ertirki gün Ýokary lideriň üstünden syýasy taýdan ätläp geçmeginiň mümkindigini habar berýär.

Ahmedinejad özüniň maksadynyň ýurtdaky güýji ýurduň hakyky lideriniň eline bermekdigini aýdypdy.

Mesbah Ýazdi we Hojjatiýeh hereketi

Ahmedinejadyň halypasy Aýatollah Muhammad Taki Mesbah-Yazdi Yslam hökümetiniň öz güýjini diňe Hudaýdan alýandygyny aýtdy. Mesbah-Yazdi ýakynda öz web sahypasynda “hökümetiň kanunylygy adamlara bagly bolman, Hudaýyň kararyna baglydyr” diýip ýazdy.

Şeýle sözleriň üsti bilen Yslam respublikasynyň konstitusion kadalaryny äsgermezligiň mümkin boljagy diňe bir tankyt astyndaky reformaçylary howatyrlandyrman, Yslam respublikasynyň gurluşyndaky iň güýçli agzalary hem howatyrlandyrýar.

Aýatollah Mesbah-Yazdi.
Eýran gizlin planly teorialara baý yurt. Şeýle teorialaryň biri hem Ahmedinejad we Mesbah-Yazdi ýaly beýleki konserwatorlar bilen aragatnaşygy bolan bir gizlin hekeret barasynda...

Hojjatiýeh atly hereket Günbatarda az bilinse-de, Eýranda güýçli hasaplanylýar. Bu hereketi Eýranda 1950-nji ýylda aslynda bolmadyk hasap edilýän Bahai we Sünni jemagatlarynyň güýçlenmegine garşy iň päk ýol hökmünde döredi.

Hojjatiýeh ilki başda Eýran şasyny Ayatollah Ruhollah Homeinä we kommunistlere garşy goldady. Emma soňra bu hereket Hameneýiň tarapyna geçdi.

Hameneýi bilen Hojjatiýeh hereketiniň arasy hiç wagt gowy bolmady, sebäbi olar diňe Mehdiniň gelmegi bilen hakyky Yslam hökümetiniň dörejekdigine ynanýarlar.

“Globe Research” Italiýanyň Roma uniwesiteti bilen bilelikde şu topary öwrenmek ugrunda iş alyp baran Günbataryň az sanly guramalryndan biridir. Onuň direktory Nikola Pedde Eýranda Hojjatiýehler barada şeýle gürrüňleriň we teorialaryň kändigini belläp, Eýranda köp adamlaryň şu herekete agzadygyny, şol sanda Aýatollah Mesbah-Yazdiniňem şolaryň biridigini, emma bu gürrüňleri hiç kimiň tassyklap bilmeýändigini belledi.

Şu günki gün bu mesele boýunça anyk bir zat aýtmak kyn, emma Eýaran syrly Ahmedinejadyň baştutanlygynda ýene bir dört ýyla gadam basýar.

Şaýylar Mehdiniň yzyna dolanmagynyň iki ýagdaýda tizleşjekdigini: haçanda imanly adamlar adalatly jemgyýet guran mahalynda, ýogsa-da, dünýäde ýagşylyk bilen ýamanlygyň arasyndaky söweşde ynançly adamlara gorag gerek bolanda, dolanyp geler diýip, ynanýarlar.

Prezidentiň haýsy ýoly goldaýandygyny hiç kim bilmeýär.
XS
SM
MD
LG