Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran sudlar baradaky Günbatar tankydyny ret edýär


Eýran Günbataryň saýlaw protestçilerine garşy geçirilýän köpçülikleýin sudlar baradaky tankydyny ret etdi.

Tähran bu tankydy öz içki işlerine daşardan gatyşylmagy hökmünde suratlandyrdy. Eýranyň Daşary işler ministrliginiň sözçüsi Hassan Haşgawi Günbataryň tankydy “bikanun we geň galdyryjy” diýdi.

Birleşen Ştatlaryň BMG-daky ilçisi Suzan Raýs Eýranda saýlaw protestçilerine garşy geçirilýän sudy “görelde sudlary” hökmünde ýazgaryp çykyş etdi. Britaniýa bilen Fransiýa hem Tährany özleriniň ýerli ilçihana işgärlerini tussag edenligi üçin berk tankytlady.
XS
SM
MD
LG