Sepleriň elýeterliligi

Gündogar Aziýada gazaply tupan turdy


Gündogar Aziýada turan iki tupan Taýwanda, Ýaponiýada we Hytaýda adam ölümine sebäp boldy.

Morakot tupany soňky 50 ýyldaky iň uly siliň gelmegine sebäp bolup, Taýwanda azyndan 12 adamy öldürdi. Bu tupan gündogar Hytaýda milliona golaý adamy ýaşaýan ýerlerinden göçürmäge mejbur etdi.

Şol bir wagtda Ýaponiýada hem gaý turýar. Bu ýerde sil suwlary we ýer süýşmesi azyndan 10 adamy öldürdi.
XS
SM
MD
LG