Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran ýadro gepleşikleri boýunça “basyşy” kabul etmeýär


Eýran öz ýadro programmasy babatda gepleşikleriň ahyrky möhleti boýunça halkara basyşyny kabul etmejekdigini aýtdy.

Daşary işler ministrliginiň sözçüsi Hassan Haşgawi Tähran gepleşiklere garşy däl, ýöne ol uly güýçleriň özüne soňky möhlet bilen basyş görkezmegine ýol bermez diýdi. Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Hillari Klinton bazar güni Waşington Eýrany sentýabrda gepleşikler stolunyň başyna dolap getirmek tagallasyna gaýtadan sereder diýdi.

Ol bu meselede Waşington salgyma çapmaýar we Tähranyň jogabyna uzak garaşmaz diýdi.
XS
SM
MD
LG