Sepleriň elýeterliligi

Eýranda käbir tussaglaryň türmede zorlanandygy aýdylýar


Eýranyň oppozisiýa liderleriniň biri saýlawdan soňky protestlere gatnaşany üçin tutulan adamlaryň käbiriniň türmede zorlanandygyny aýdýar.

Prezidentlige kandidat Mehdi Karrobi öz internet saýtynda bir hata salgylanyp, käbir ýaş aýallaryň türmede şeýle ýowuzlyk bilen zorlanandygyny hem olara agyr ýara düşendigini aýdýar.

Ozalky prezident Akbar Haşemi Rafsanjanä ýazylan hatda bolsa türmede ýaş erkekleriň hem käbiriniň zorlanandygy aýdylýar.

Eýran polisiýasynyň başlygy Ismail Ahmadi Mohaddam şu gün irden Tähranyň Kahrizak türmesinde käbir protestçileriň urlandygyny tassyklady. Ýöne ol urlup-ýeňjilmekden öleniň bardygyny ret etdi.
XS
SM
MD
LG