Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Seminarda aýdylanlar durmuşa geçermi?


Türkmenistanyň Adalat köşgi.
Türkmenistanyň Adalat köşgi.

Ýakynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň gatnaşmagynda Aşgabatda “Sud prosessleriniň amala aşyrylyşynda halkara standartlary” ady bilen ýörite seminar geçirildi.

Eýse, şeýle seminary geçirmek Nyýazow döwründe mümkinmidi? Bu, aýdylyşy ýaly, diňe “göz üçin” geçirilýän dabara däl ahyry.

Seminara gatnaşanlaryň derejesi-de, eýýäm göz öňünde tutulýan işleriň möhümliginden habar berýär. Oňa gatnaşanlaryň ýokary derejeli wezipeli adamlar bolmagy şeýle duşuşykdan köp zada garaşylýandygyny çaklamaga esas berýär.

Aýratyn-da, bu seminarda maslahat edilen temalary we onda taýýarlanylan dokumentleri hasaba alsak, bu has belli bolýar. Bu kontekstde – Türkmenistanda ýakyn geljekde halkara standartlarynyň adam hukuklary boýunça umumy meselelerde we jenaýat sudunyň anyk ugurlary boýunça ulanylmagy nä derejede hakykata golaý diýen sorag guraksy bir sowal däldir. Çünki Mejlis mundan 13 ýyl owal graždan we syýasy hukuklar barada halkara pakty makullapdy.

Soňky orunlardady…

Eýse, bu paktyň esasy düzgünlerini Nyýazow režiminiň haýsy-da bir görnüşde durmuşa geçirendigini tassyklamak mümkinmi? Sebäbi adam hukuklary we sud işlerini kanuna görä gurnamakda Türkmenistan köp ýyllaň dowamynda dünýäde soňky orunlary eýeläp geldi.

Aşgabatda geçirilen bu seminar oňa gatnaşanlar paýtagty terk eden badyna unudylmazmy? Çünki türkmen ýolbaşçylarynyň adam hukuklary bilen bagly gol goýan halkara pakty hut şeýle ýagdaýda unudylypdy. Haçanda Türkmenistanda sudlaryň nä derejede adyllygy analiz edilip başlnanada, Nyýazow döwründe çykarylan ähli hökümleriň ykbaly baradaky sowal ör-boýuna galýar.

Eýse, olara türkmen prezidentiniň inisiatiwasy boýunça täzeden garalarmy? Ol häzir ähli adyl sudy halkara normalara we ölçeglere laýyk getirmäge çagyrýar. Onda Nyýazow döwründe geçirilen ýapyk sud prosesleri indi halkara normalary esasynda täzeden analiz edilermi? Şol prosesler Nyýazowyň öz garşydaşlaryndan öç almagy bilen baglanşyklydy we syýasy äheňlidi.

Konstitusiýanyň redaksiýasy gürrüň edildi

Aşgabatda geçen seminarda Konstitusiýanyň, ýagny ýurduň Baş kanunynyň täze redaksiýasy barada hem ýene-de bir gezek gürrüň edildi. Geçen ýylyň sentýabrynda kabul edilen Baş kanunda häkimiýeti kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji we sud organlaryna bölmek göz öňünde tutulýar.

Şeyle-de Baş kanunda sudlaryň garaşsyzlygy we kanunlaryň hemmelere deňdigi yglan edildi. Eýse, bu ak kagyza owadanlap ýazylan, döwlet möhri basylan we gol goýlan, ýöne aslynda hiç kime gerekmejek zad-a däldir-dä? Ýogsa-da, bu, hakykatdanam, häkimiýetiň ähli şahalarynyň eýerjek çynlakaý dokumentmi?

Elbetde, ýüzlerçe seminar, müňlerçe konferensiýalary-da geçirse bolar. Emma olar halkyň gündelik durmuşyna ornaşdyrylmasa, ýönekeý raýatlaryň ynamyny gazanyp bilmez. Adamlar şeýle zatlary öz durmuşynda duýmaly. Oňyn täzelikleriň jemgyýetçilik durmuşynda peýda bolmagy hakyky özgerişligiň köpçülikleýin baýramyna öwrülerdi.

Aleksandr Narodetski post-Sowet döwletleri boýunça Britaniýaly bilermen. Şu kommentariýada öňe sürülen pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişli.
XS
SM
MD
LG