Sepleriň elýeterliligi

Hytaý 1200 tussagy azat edýär


Hytaý şu gün geçen ýyl Tibetde bolan gozgalaň bilen baglanşykly 1200 tussagy azat edýändigini aýtdy. Emma geçen aý Sinjaňda bolan gozgalaňdan soň basylan adamlaryň 700-si şindem türmede saklanýar.

Pekin bu beýanaty BMG-nyň Ženewada Hytaýdaky etniki kemsitmeleri ýok etmek boýunça geçirýän diňlenişigine jogap edip ýaýratdy.

Bu beýanatda 1231 tibetliniň toba edeninden soň azatlyga goýberilendigi aýdylýar. Geçen aý Sinjaňda bolan etniki zorluklar 197 adamyň ölümine sebäp boldy.

Hytaý Anna güni bolan diňlenişikde geçen ýyl Tibetde we geçen aý Sinjaňda bolan gozgalaňlar ýurt daşyndan meçew berilmegi netijesinde turdy diýdi.
XS
SM
MD
LG