Sepleriň elýeterliligi

Eýran barada sabyr käseler dolýar


Eyranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejad.

Eyranyň prezidenti Mahmud Ahmedinejad.

Soňky günler Eýran tussag edilen oppozision protestçilere garşy ýola goýan köpçülikleýin sud prosesiniň daşardan ýazgarylmagyna gulak gabartmajakdygyny bildirip gelýär.

Eýran hökümeti protestçileriň köpçülikleýin sud edilmegi bilen baglanyşykly daşary ýurtlaryň edýän tankytlaryny ýurduň içerki işlerine gatyşmak diýip atlandyrýar.

Bu wakalaryň fonunda bolsa, Amerikanyň Birleşen Ştatlary Eýranyň ýadro programmasy bilen baglanyşykly dawalary çözmek üçin göni gepleşiklere başlamak barada öz eden tekliplerine Tähranyň häzire çenli jogap bermänligini belläp, bu jogaba Waşingtonyň tükeniksiz wagtlap garaşyp bilmejekdigini duýdurdy.

Ýöne, beýleki tarapdan, ýakynda geçirilen prezidentlik saýlawlary bilen baglanyşykly Eýranyň hökümetiniň uly dawa-jenjeller bilen gümra halatynda bu gepleşikler meselesi barada Tähranyň Waşingtona anyk jogap bermäge ýagdaýy barmyka diýen sorag hem ýüze çykýar. Ýone, şeýle-de bolsa, gepleşikler meselesinde Waşingtonyň hem indi sabyr käsesi dolup ýörene menzeýär.

«Göz üçin gurnalýan tomaşa»

Şu geçen ýekşenbe güni CNN telewideniýesinde eden çykyşynda Waşingtonyň Birleşen Milletler Guramasyndaky ýörite ilçisi Suzan Raýs protestçilere garşy Eýran hökümetiniň gurnan köpçülikleýin sud prosesini «göz üçin gurnalýan tomaşa» diýip atlandyryp, bu prosesiň ýurduň hökümetiniň 12-nji iýundaky prezidentlik saýlawlarynyň kanunylygyny sorag astynda goýýan halk köpçüliginden özüni uzaklaşdyrandygyny görkezýändigini aýtdy.

Şol gün hem Birleşen Ştatlaryň beýleki bir ýokary derejeli resmisi, Döwlet sekretary Hillari Klinton, telewideniýä beren interwýusynda Eýran häkimiýetlerini ýadro programmasy boýunça gepleşik geçirmek baradaky tekliplere jogap bermeýänligi üçin tankyt etdi.

Hususan-da, ol BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň «bäş goşmak bir» toparynyň çäklerinde ýadro meselesi boýunça gepleşik geçirmek barada Waşingtonyň Tähranyň berjek jogabyna çäksiz wagtlap garaşyp bilmejekdigini mälim etdi. Hanym Klinton bu gurruňi edilýän mesele boýunça gepleşikler üçin prezident Barak Obamanyň Tähranyň öňünde şu ýylyň sentýabryna çenli möhlet goýandygyny belledi.

Onuň sözlerine görä, şol möhlete çenli Tähran hiç hili jogap bermese, prezident Obama sentýabryň ahyrynda geçiriljek G-20 toparyň ýygnagynda bu meseläni ýaran döwletler bilen geňeşer.

Amerikanyň Birleşen Ştatlary soňky wagtlar gepleşikler meselesinde Eýranyň oňyn ädimleri ätmedik halatynda Eýrana garşy täze has berk sanksiýalaryň ulanylmagynyň ahmaldygy hakdaky duýduryşlary hem berdi. Şol sanksiýalaryň hatarynda bolsa, ol Eýrandan nebit önümlerini satyn almagyny bes etmeginiň hem mümkindigini duýdurdy. Öz ykdysadyýeti nebit önümçiligine we nebit önümleriniň söwdasyna köp derejede bagly bolan Eýran üçin beýle sanksiýanyň uly ykdysady kynçylyklary döretmegi ähtimal.

Sanksiýany goldamaýanlar bar

Beýleki tarapdan, sanksiýa girizmek ideýasyny Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň agzalarynyň arasynda goldamaýanlary-da bar. Aýratynam, Orsýet bilen Hytaý bu ideýa garşy çykyp gelýärler.

Mundan öň Eýran Birleşen Milletler Guramasynyň sanksiýasyna üç gezek sezewar boldy, ýöne bu barybir Eýrany gepleşikler stolunyň başyna getirip bilmedi.

Diplomatik çärelerden daşgary Eýrana garşy harby güýç ulanmak howpy hem aradan aýrylmaýar. Beýle howp Eýrana esasan Birleşen Ştatlar tarapyndan hem däl-de, eýse Ysraýyl tarapyndan abanýar. Çünki Ysraýyl Eýrany öz döwletlilik statusyna howp salýan güýç hasaplaýar. Hut şoňa görä-de, Ysraýyl hökümeti Tähranyň ýadro ýaragyna eýe bolmagynyň öňüni almak üçin özüniň Eýranyň ýadro nokatlaryna hüjüm etmekden çekinip durmajakdygyny ençeme gezek duýdurypdy.
XS
SM
MD
LG