Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Görkezijiler uly emma synçylar şübheli


Türkmenistanyň hökümeti ýurtda güýçli ykdysady ösüşiň bardygyny yglan etdi.

7-nji awgustda geçirilen hökümet maslahatynda yglan edilen sanlar ýurduň pudaklaýyn önümçilik, ownuk daşary söwda, maýa goýumlar taýdan güýçli ösüşe eýedigini aňladyp biler.

Başga bir tarapdan, ýurtda harytlar gymmatlap, işsizlik ýaly problemalaryň agyrlygyna galýanlygy, şeýle-de dünýäde global maliýe-ykdysady krizisiň dowam edýänligi sebäpli türkmen hökümetiniň yglan eden ýokary ösüş baradaky sanlaryna synçylar şübheli garaýarlar.

Resmi görkezijiler ýokary

Hökümet maslahatynda wise-premýer Tuwakmämmet Japarowyň, milli ykdysadyýetiň 2009-njy ýylyň ýedi aýy boýunça beren hasabatyna görä, bu döwrüň pozitiw makroykdysady görkezijiler bilen tamamlananlygy we Umumy Içerki Önümçilik derejesiniň durnukly ösüş bilen tapawutlananlygy “Türkmen Döwlet Habarlar” gullugynyň maglumatynda bellendi.

Maglumata görä, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, pudaklaryň köpüsinde önümçilik taýdan ösüş gazanylypdyr. Ýurduň milli walýutasynyň kursy durnukly. Ownuk haryt dolanyşygynyň möçberi geçen ýylka garanda 114%, daşary söwda dolanyşygy bolsa 22% ösüpdir. Eksport importdan 1,7 % artyk. Şeýle-de, döwlet budjetiniň girdeji bölegi 121%, çykdajy bölegi bolsa 94% ýerine ýetirilipdir.

TDH-nyň maglumatyna görä, Ykdysadyýet we ösüş ministri B.Hojamämmedow ýurtda maýa goýumlary ugrundan hem öň görlüp-eşidilmedik aktiwligiň emele gelenligini aýtdy. Ol geçen ýylkysy bilen deňeşdirip, diňe şu ýylyň birinji ýarymynda 2,5 esse köp maýa goýumlarynyň özleşdirilenligini belledi. Emma şol maýa goýumlarynyň haýsy pudaklara we nähili obýektlere ýatyrylanlygy “Türkmen Döwlet Habarlar” gullugynyň maglumatynda takyklanmady.

Hökümet maslahatynda yglan edilen sanlardan netije çykaryp, prezident G.Berdimuhamedowyň aýtmagyna görä, ýedi aýyň netijeleri ýurduň halk hojalygynyň esasy pudaklarynyň güýçli ösüşini aňladýar. “Olar milli ykdysadyýetiň ugurlaryny üýtgetmek boýunça edilen işleriň we dünýädäki maliýe-ykdysady krizise garşy durmak boýunça görlen çäreleriň göni netijesi bolup durýar”.

Soňky maglumatlarda Türkmenistanda harytlaryň, esasan hem ilkinji zerurlykdaky harytlaryň we azyk önümleriniň, gymmatlaýanlygyny habar berilýär. Ykdysadyýetçileriň sözlerine görä, harytlaryň gymmatlamagy häzirki dowürde dünýäni gurşap alan maliýe-ykdysady krizisiň göze ilýän iň esasy alamatlarynyň biri bolup durýar.

Azatlyk radiosynyň habarçysy Osman Hallyýewiň aýtmagyna görä, şu ýylyň fewral-mart aýlarynda et-süýt önümleriniň bahasy biraz aşaklan bolsa, soňky wagtda 15-20 prosent gymmatlady. Aýlyklar bolsa, öňki derejesinde galdy. “Şol nyrhlar ilatyň köp bölegi üçin, ylaýta-da oba adamlary üçin, elýeterli däl. Oba ýerlerinde hepdeläp, hatda aýlap et iýmän oňňut edýän adamlar kän” diýip, Osman Hallyýew aýtdy.

Milli programma syn edildi

Hökümetiň anna günki maslahatynda 2020-nji ýyla çenli ýurduň oba ýerleriniň we etraplarynyň sosial-durmuş şertlerini özgertmek boýunça prezidentiň milli programmasynyň durmuşa geçirilişine hem syn edildi. TDH-nyň maglumatyna görä, häzirki wagtda onlarça möhüm obýektleriň gurluşyklary, şol sanda keselhanalaryň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň we inžener-kommunikasion sistemalaryň gurluşyklary tamamlandy.

Oba ýerlerini ösdürmek boýunça ýörite programmany düzmek karary 2007-nji ýylyň aprel aýynyň başynda hökümet maslahatynda yglan edilipdi. Emma şondan bäri programmanyň amala aşyrylýanlygy resmi taýdan tekrarlanýan hem bolsa, oba ýerlerinde uly bir özgerişlikleriň göze ilmeýänligini synçylar aýdýarlar.

Programmanyň kemçilikli amala aşyrylýanlygyny ýurt resmileri hem agzapdylar. “Türkmenistan.ru” Internet gazetiniň maglumatyna görä, geçen ýylyň iýul aýynda milli programmanyň çäginde regionlarda ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň yza tesdirilýänligi, muňa bolsa ipoteka-kredit bermek ugrundaky kemçilikleriň päsgelçilik döredýänligi bellenilipdi.

Osman Hallyýewiň sözlerine görä, regionlaryň ösüşine, işsizlik we oba hojalyk önümçiligini ösdürmek maksadyna gönükdirilen çäreleriň amala aşyrylmaýanlygy uly böwet bolýar. “Oba ýerlerinde onçakly uly bolmadyk kärhanalar gurulmasa, işsizlik problemasyny çözmek mümkin däl. Her obada ýerli önümleri gaýtadan işleýän kärhanalar gurulsady. Häzir hemme zat zaýa bolup ýatyr. Pomidor, şetdaly, gök önümler, şolary gaýtadan işläp, hem girdeji, hem zaýalanmaz ýaly bir mümkinçilik döredilse, gowy bolardy weli, bu barada-da edilýän iş ýok” diýip, Osman Hallyýew aýtdy.

Türkmenistanyň hökümetiniň oba hojalyk boýunça öňki geňeşçisi Wladimir Ýerofeýew Türkmenistanda ilat köpçüliginiň ýaşaýan şertleri agyrlygyna galýarka, hökümet derejesinde ösüş bar diýip, yglan etmek sanlary galplaşdyrmak boýunça ýurtda öňden bäri ýörgünli endigiň dowam edýänligini görkezýär diýip, hasap edýär. Emma ol hakyky sosial ykdysady ösüşiň takyk çäreleri talap edýänligini, aýratynam ýurduň oba ýerlerinde ýagdaýyň has gözgynydygyny belledi.

Ýerofeýewiň bellemegine görä, gazdan gelýän girdejiler, olar entek barka, kiçi kärhanalar üçin ýörite gurallary satyn almak ýaly çärelere sarp edilmeli. “Aýratynam bu oba ýerleri üçin zerur. Mysal üçin, süýt, gök we miwe önümlerini gaýtadan işleýän kärhanalaryň her obada diýen ýaly bolmagy netijeli çäre bolup bilerdi. Kärhana gurallary adamlara kärendä-de berlip bilnerdi.”

Resmi maglumatlara görä, häzirki wagtda Türkmenistanda amala aşyrylýan sosial-ykdysady programmalar ýurduň durnuklaşdyryş fondunyň serişdelerini ulanmazdan durmuşa geçirilýär.

Anyk planlara zerurlyk

Wladimir Ýerofeýewiň sözlerine görä, soňky döwürde Türkmenistanda amatly kredit we ipoteka şertleriniň döredilmegi mümkinçiligi bolan käbir raýatlaryň Aşgabatda we onuň golaýynda jaý alyp, ýa kredit puluna jaý gurup, soň ony has gymmat bahadan satmagy bilen bagly usullaryň giňden ulanylmagyna sebäp boldy we öz nobatynda soňky wagtda jaýlaryň bahasynyň gymmatlamagyna getirdi.

Şeýle ýagdaýyň sebäplerini W.Ýerofeýew döwlet tarapyndan amala aşyrylýan çäreleriň ýurtdaky hakyky şertleriñ we ilat köpçüliginiň mümkinçilikleriniñ hasaba alynmazdan, amala aşyrylýanlygynda görýär.

“Döwlet tarapyndan dowamly we takyk ädimler ädilmeli, maýa ýatyrylmaly, adamlara döwlet tarapyndan karz pul berilmeli. Emma şol pullary işletmek üçin anyk planlar düzülmeli, ýöne ýatan döwlet pullaryndan näme peýda?” diýip, Türkmenistanyň hökümetiniň Oba hojalygy boýunça öňki geňeşçisi Wladimir Ýerofeýew aýdýar.
XS
SM
MD
LG