Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çeçen prezidenti günäkärlemeleri ret edýär


Çeçenistanyň prezidenti Ramzan Kadyrow öz rezidensiýasynda geçirilen söhbetdeşlikde, 8-nji awgust, 2009 ý.
Çeçenistanyň prezidenti Ramzan Kadyrow öz rezidensiýasynda geçirilen söhbetdeşlikde, 8-nji awgust, 2009 ý.

Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň žurnalistleri Grigori Feýfer, Danila Galperowiç we Oleg Kusow Çeçenistanyň prezidenti Ramzan Kadyrow bilen ýörite söhbetdeşlik geçirdi. Şol söhbetdeşligi Azatlyk radiosynyň Türkmen gullugy gysgaldyp terjime etdi.

Azatlyk radiosy: Çeçenistany dikeltmek boýunça öz programmaňyz barada gürrüň beraýseňiz?

Ramzan Kadyrow: Programmam ýok. Programma meniň atam, birinji prezident döwründe işläp düzülipdi. Biz birinji prezidentimiziň kesgitlän ähli zatlaryny doly ýerine ýetirýäris, biz onyň programmalaryny durmuşa geçirýäris. Şu günki gün bu işleriň bahasy barada aýtmak kyn, hatda bu güýçli ykdysadyýetçilere we maliýeçilere-de kyn. Her ýyl bizde ykdysady taýdan pese gaçyşlar we ösüşler bolýar, şonuň üçin ertir näme boljagyny hiç kim bilmeýär. Men diňe ýeke bir zady bilýarin, Çeçen respublikasyny biz doly dikelderis. Sosial pudak doly üpjün edilip, ähli meseleler çözüler we iş orunlary döredilip, Çeçenistan Orsýet Federasiýasynyň iň ösen regiony bolar.

Azatlyk radiosy: Siz özüňize çeçenleriň arasynda regiona durnuklylyk we ykdysady ösüş getirmäge iň ukyply şahs hökmünde garamagyňyzyň sebäbini düşündirseňiz?

Ramzan Kadyrow: Men komandanyň agzasy. Biziň kuwwatly komandamyz bar, Çeçenistanyň ilkinji prezidentiniň komandasy. Men şonuň agzalarynyň biri. Men özüme aýratynlykda garamaýaryn. Men çeçen halkyna hyzmat edýärin.

Azatlyk Radiosy: Günbatarda köpler Çeçenistana zorluklaryň regiony hökmünde garaýarlar. Siz muny nähili düşündirip bilersiňiz?

Ramzan Kadyrow: Rehimsiz zorluklar we aýylanç jemgyýet – Günbatardyr. Olar Yraga baryp, adam öldürýärler, Owganystanda öldürýärler, Palestina baryp hem öldürýärler. Ynsan hukuklaryny doly bozýarlar. Konslagerler… Ynsan azatlyklary ýok. Öz pikirini aýdana duşman diýilip, oňa islendik zat ýöňkelýär.
Danila Galperowiç (çepde) we Grigori Feýfer (sagda) prezident Ramzan Kadyrow bilen söhbetdeşlik geçirýär, 8-nji awgust, 2009 ý.
Çeçenistan bolsa, Orsýet Federasiýasynyň bölegidir. Bu ýerde Orsýet Federasiýasynyň ähli kanunlary berjaý edilýär.

Eger biziň ynsan hukuklaryny bozýanlygymyzy aýdýan bolsalar, hawa, dogrudanam, her ýerde haýsy-da bolsa bir zat ýüze çykýar. Emma kanuna ters hereket edeni, goý, milisiýanyň ýa ýörite gulluklaryň işgäri bolsun, biz ony jezalandyrýarys.

Azatlyk radiosy: Halkara guramalarynyň aýtmagyna görä, Çeçenistanda zorluk edýänleriň jogapkärçikden sypmagy üçin şertler bar. “Human Rights Watch” we “Amnesty International” guramalary ynsan hukuklarynyň depelenmegi bilen bagly köp wakalaryň hut kanuny goraýjylaryň we häkimiýet wekilleriniň özleri tarapyndan edilýänligini aýdýarlar. Şol resmiler bolsa siziň goluňyz astyndaky adamlar. Siz şeýle aýyplamalara nähili jogap berip bilersiňiz?

Ramzan Kadyrow:
Ilkinji nobatda, güýç strukturalarynyň maňa boýun bolmaýanlygyny men size aýtmakçy. Olar Orsýet Federasiýasynyň prezidenti tarapyndan bellenilýärler, menem şeýle. Federal Howpsuzlyk Gullugynyň Çeçen Respublikasy boýunça ýolbaşçysy, prokuror, neşä gözegçilik boýunça we beýleki ähli strukturalaryň ýolbaşçylary respublikanyň prezidentine boýun bolmaýarlar. Men Konstitusiýanyň garanty hökmünde olaryň maňa boýun bolmagyna we dogry gulluk etmegine çalyşýaryn.
XS
SM
MD
LG