Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Orsýet daşary ýurtlara harby ibermegi kanunlaşdyrýar


Orsýetiň prezidenti Dimitriý Medwedew, ýurduň bähbidini goramak boýunça daşary ýurtlara harbylary ibermäge özüne kanuny taýdan ygtyýar berýän kanun taslamasyny hödürledi.

Mälim bolşuna görä, Medwedew 2008-nji ýylyň awgustynda dartgynly Günorta Osetiýa harby iberende, Orsýetiň käbir habar serişdeleri bu kararyň kanunylygy meselesini gozgapdy.

Kremliň web-sahypasynda çap edilen maglumata görä, bu täze kanun Orsýetiň raýatlarynyň we harby güýçleriniň howpsuzlygyny goramak üçin daşary ýurtlara harby ibermäge kanuny esas döreder.
XS
SM
MD
LG