Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen prezidenti serhetçileri gutlady


Şu gün Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň döwlet serhet gullugynyň işgärlerini we esgerlerini Türkmenistanyň serhet goşunlarynyň döredilmeginiň 17 ýyllygy bilen gutlady.

Türkmenistanyň serhetçileriniň güni şu ýyl ilkinji gezek bellenilýär. Öz gutlagynda döwlet lideri ýakynda Türkmenistanyň täze Harby doktrinasynyň kabul edilendigini belläp, bu doktrina laýyklykda döwlet serhet gulluklarynyň roluna-da ýokary ähmiýet berilýändigini nygtapdyr.

Şeýle hem Türkmenistanyň prezidenti Berdimuhamedow öz gutlagynda «ýurduň kanun goraýjy organlary bilen bilelikde serhet goşunlarynyň hem täze Galkynyş eýýäminiň beýik özgerişliklerine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşjakdyklaryna ynanýaryn» diýip, belläpdir.
XS
SM
MD
LG