Sepleriň elýeterliligi

Uimbeldon ýaryşyna türkmenistanly tenisçi gatnaşdy


Ýakynda tennis boýunça ýaşlaryň arasynda geçirilen abraýly halkara «Uimbldon» ýaryşyna taryhda ilkinji gezek türkmenistanly tenisçi Anastasiýa Prenko hem gatnaşdy.

Indi ýüz ýyla golaý wagt bäri geçirilip gelinýän bu halkara ýaryşynda ilkinji gezek Türkmenistanyň adyndan çykyş eden 16 ýaşly Anastasiýa Prenko özüniň birinji bäsleşiginde wengriýaly tennisçi Sofii Mikodan üç taýmyň üçüsinde-de 6:4 hasap bilen üstün çykdy. Emma ýaryşyň ikinji tapgyrynda türkmenistanly tennisçi özüniň kanadaly bäsdeşi Eugeniý Buçerdden asgyn geldi we 4:6 hem-de 0:6 hasabyna utuldy we ýaryşdan çykmaly boldy.

«TurkmenistanRu» internet gazýetiniň maglumatyna görä, Anastasiýa Prenko indi üç ýyl bäri Türkmenistanyň çempiony diýen tituly saklap gelýär. Ol ilkinji gezek bu çempionlyk titulyna 13 ýaşynda mynasyp bolupdyr. Maglumata görä, türkmenistanly ýaş tennisçi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýetginjek tennisçileriniň arasynda ilkinji üçlüge girýär.
XS
SM
MD
LG