Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Beheşti: Eýrandaky protestlerde 69 adam öldürildi


Şu gün Eýranyň oppozisiýa liderlerinden biri Mir Husseýin Musawiniň komekçisi Aly Reza Beheşti ýakynda prezidentlik saýlawlarynyň yzy bilen geçirilen protest çykyşlary wagtynda 69 adamyň öldürilendigini aýdyp, çykyş etdi. Eýranyň resmi häkimiýetleri şu çaka çenli protest çykyşlarynda ölen adamlaryň sanyny 30 töweregi diýip görkezip gelipdiler.

Ýöne şu gün Aly Reza Beheşti protest çykyşlarynda häkimiýetleriň güýç ulanmaklary netijesinde ölen 69 adamyň sanawynyň Parlamente gowşurylandygyny mälim etdi. Ýakynda Eýranda bu protest çykyşlarynda tüssag edilen 100-den gowrak adamyň işi boýunça resmi sud diňlenişigi başlandy. Ýurduň oppozisiýasy bu sud prosesini raýatlaryň gözüni gorkuzmak üçin gurnalýan «tomaşa» diýip atlandyrýar.

XS
SM
MD
LG