Sepleriň elýeterliligi

Dagystanda žurnalist öldürildi


Şu gün Orsýetiň habar agentlikleri Dagystan respublikasyndaky ýerli gazýetlerden biriniň žurnalisti Mälik Ahmedilowyň öldürilen jesediniň tapylandygyny habar berdiler.

Maglumata görä, žurnalistiň jesedi Mahaçgala şäheriniň eteginde, bir ýeňil maşynyň içinden tapylypdyr. Mälik Ahmedilow soňky wagtlar awar dilinde çykýan «Hakikat» atly ýerli gazýetiň habarçysy bolup işläpdi. Ahmedilow bu regionda soňky bir ýarym ýyla golaý wagtyň dowamynda öldürilen üçünji žurnalistdir. Onuň ölüminiň näme bilen baglanyşykly bolup biljekdigi barada häzirlikçe hiç hili garaýyş öňe sürülmeýär.

XS
SM
MD
LG