Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň prezidenti Ukrainany aýyplady


Şu gün Orsýetiň prezidenti Dimitriý Medwedýew Ukrainanyň hökümetini Orsýete garşy duşmançylyk syýasatyny alyp barmakda hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklary ýaramazlaşdyrmakda aýyplady.

Ukrain prezidenti Wiktor Ýuşenkonyň adyna ýazan bu açyk hatynda prezident Medwedýew özüniň häzirlikçe Kiýewe Orsýetiň täze ilçisini ýollamakdan saklanýandygyny mälim edipdir we geljek ýylyň ýanwarynda Ukrainada täze saýlanjak täze prezidentiň ikitaraplaýyn gatnaşyklary gowulandyrar diýip umyt edýändigini bildiripdir. Käbir beýleki meseleleriň hatarynda, prezident Medwedýew Ukrainanyň häkimiýetlerini Orsýet bilen ykdysady hyzmatdaşlyklara böwet döretmek hem-de Gunbatara akýan orsýet gazynyň howpsuzlygyny ýaramazlaşdyrmak meýillerinde aýyplapdyr.

Mundan daşary Orsýetiň prezidenti öz hatynda «geçen ýyl Günorta Osetiýada bolan jenaýatçylyklarda Gürjüstan bilen bir hatarda Ukraina hem günäkär» diýen garaýşy öňe sürüpdir. Şeýle hem Dimitriý Medwedýew öz açyk hatynda 1930-njy ýyllarda Sowet häkimýieti ýyllarynda ýüze çykan açlyk tragediýasy bilen baglanyşykly taryhy faktlary hem Ukrainanyň häkimiýetleriniň ýoýanlygyny aýdyp, bu ýagdaýa öz nägilelegini bildiripdir.
XS
SM
MD
LG