Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG Kýi barada ýaýratjak beýanatyny yza süýşürdi


BMG-nyň howpsuzlyk geňeşi Birmanyň oppozision lideri Auň San Suu Kýiniň öý tussaglygynyň möhletiniň uzaldylmagy barada kabul edilen karary ýazgarýan beýanaty ýaýratmak tagallasyny yza süýşürdi.

Bu barada Fransiýanyň çakylygy boýunça sişenbe güni Howpsuzlyk geňeşiniň adatdan daşary ýygnagy geçirildi. Emma ýaýradylmaly beýanatyň mazmuny barada Hytaý, Orsýet, Wiýetnam we Libýa tarapyndan alada bildirilenligi sebäpli bu tagalla başa barmady.

Waşington, BMG-nyň 15-agzadan ybarat Howpsuzluk geňeşinden 64 ýaşyndaky we parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň eýesi bolan Kýiniň ýene 18 aý möhlet boýunça öý tussaglygyna höküm edilmegini ýazgarýan beýanat ýaýratmagy üçin tagalla edýär.

Birmanyň söwda boýunça esasy hyzmatdaşy bolan Hytaý we Orsýet mundan öň hem bu hili aladalara böwet bolup gelipdi.
XS
SM
MD
LG