Sepleriň elýeterliligi

Ýemen şaýy söweşijilerine garşy operasiýa başlatdy


Ýemeniň howpsuzlyk güýçleri bu ýurduň Saada welaýatynda ýerleşýän şaýy söweşijilerine garşy düýpli harby operasiýalara başlady.

Tire-taýpalara salgylanyp Germaniýanyň DPA habar agentligi tarapyndan çap edilen maglumata görä, Ýemeniň armiýasy şaý söweşijileriniň esasy merkezleri diýlip hasaplanýan we Saud Arabystan bilen araçäkde ýerleşýän Dahaýan we Marta etraplarynyň stratigiki ähmiýete eýe depelerine howadan we gury ýerden hüjüm edip başlapdyr.

Ýemeniň ýokary howpsuzlyk komiteti tarapyndan ýaýradylan beýanata görä, şol söweşijiler parahatçylyk boýunça gepleşikler geçirmegi ret edenligi sebäpli hökümetiň mundan başga çäresi galmandyr.

Şol beýanatda, ady agzalýan söweşijiler hökümete boýun bolýança olara garşy berk hüjümleriň dowam etdiriljekdigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG